Watan goragçylaryň güni mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri” atly sergi
27-nji ýanwar - Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylan 2026-njy ýylynyň ilkinji günleri bolan 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň baýramçylyk güni belleniler. Bu baýramçylyk güniniň giňden bellenilmegi ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň harby we serhet howpsuzlygyny hem-de jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy, hukuk tertibini üpjün edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Serhet goşunlarynyň, beýleki goşunlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine uly ynam bildirilýändigine hem-de olar hakynda yzygiderli alada edilýändigine şaýatlyk edýär.
Merdana Watan goragçylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygy mynasybetli geçen ýyllarda geçirilen dabaraly harby ýörişden buýsançly gadamlar bilen geçip, döwlet Garaşsyzlygymyzy goramaga hemişe taýýardygyny aýdyň we anyk subut edip, görkezdiler. Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny, söweşjeň kuwwatyny we Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten belent derejesini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etdiler.Türkmenistanyň merdana gerçekleri geljekde-de Watany goramak borjuny ähli zatdan belent tutup, harby bilimiň we sungatyň gazananlaryny birkemsiz özleşdirmek bilen, olaryň Watansöýüjiligi, kasama hem-de harby borja wepalylygy bilen uly at-abraýa, belent mertebä mynasyp bolýarlar.Eziz Watanymyzyň edermen ogullaryna ýüzlenmek bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz mertleriň Watanydyr! Watan goragçylarymyz bolsa şu topragyň gerçek ogullarydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasatyna hem-de oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan, ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny, çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerine berk eýermek Türkmenistanyň merdana gerçekleriň her birisiniň mukaddes borçlarydyr. Eziz Watanymyzyň edermen ogullary öz gulluklarynda we döwlet bähbitli işlerinde döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, konstitusion gurluşyny, milli gymmatlyklarymyzy goramak, jemgyýetimizde hukuk tertibini pugtalandyrmak, kanunçylygy has-da berkitmek ýaly belent maksatlardan ugur alýarlar.
Sergide muzeý gymmatlyklaryndan bolan birnäçe sowgatlyklar, surat eserleri, bedewlerimiziň gadymy we häzirki zaman bezeg şaý-sepleri, heýkeller ýerleşdirilen.
Watan goragçylaryň güni mynasybetli “Garaşsyz Türkmenistanyň merdana gerçekleri” atly sergi

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.