«Şekillerde bedew waspy» atly döredijilik duşuşygy
Sungat gözelligiň waspy, ajaýyp keşbidir. Sungat ussatlary mydama gözelligiň gözleginde bolýarlar. Bedewe sarpaly garaýşyň halkymyzda belentdigi ýaly, sungatdaky şol ajaýyp keşpler-de heňňamlar üzre ýaşapdyr. Häzirki döwürde hem dünýäniň sungat ussatlary bilen bir hatarda türkmen suratkeşleri, halyçylary, heýkeltaraşlary eserlerinde bedew keşbini döredýärler. Ajaýyp ahalteke bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri, halylar dünýä belli muzeýleriň baş gymmatlygyna öwrüldi. Döredijilik ylhamynyň merkezindäki esasy joşgunly güýç ahalteke bedewinde jemlenendir.
Türkmen suratkeşleri hem ahalteke atlarynyň gözelligini, akyllylygyny, wepalylygyny, ajaýyp sazlaşykly güýjüni çeper eserlerinde şekillendirýärler. Gözelligiň nusgasy bolan bedewler suratkeşleriň döredijilik ylhamy bilen sazlaşýar. Şonuň netijesinde, suratkeşler türkmen bedewiniň keşbini nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, haly, zergärçilik, külalçylyk eserlerinde çeper beýan edýärler. Türkmen sungatynyň ähli ugurlarynda täze çeperçilik öwüşginleri çaýylan bedewleriň şekilleri aýratyn orna mynasypdyr. Atlaryň buýsançly keşplerini döredýän türkmen suratkeşleri bu ajaýyp eserlerine ägirt uly söýgi hem-de hakyky ýürek duýgularyny siňdirýärler. Behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda her ýylda döredijilik bäsleşigi yglan edilýär. Oňa hödürlenilýän işler hem türkmen bedewiniň egsilmez ylham çeşmesidigine şaýatlyk edýär.
«Şekillerde bedew waspy» atly döredijilik duşuşygy

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.