Previous Next

«Taryhyň köklerine siňen gadymy mekan» atly sergi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Taryhyň köklerine siňen gadymy mekan» atly muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide Hormatly Prezidentimiziň «Änew müňýyllyklardan gözba’ş alýan medeniýet» atly kitaby, taryhy tapyndylar, bina bölekleri, şekillendiriş sungatynyň eserleri, milli mirasymyza degişli gymmatlyklar görkezilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Medeni paýtagt derejesi baý geçmişi türki döwletleriň döreýiş taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan we häzirki wagtda türki dünýäniň umumy gymmatlygyna öwrülen, halklarymyzyň medeniýetini, sungatyny dünýäde wagyz etmekde möhüm orny eýeleýän gadymyýetiň meşhur şäherlerine berilýär. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýän Änew şäheri milli medeni we taryhy ýadygärlikleri özünde jemleýän gadymy şäherleriň biridir. 1904-nji ýylda Änewiň arheologik depelerinde geçirilen gazuw-barlag işleri bu ýerde eneolit döwründe ýaýran ekerançylyk medeniýeti barada köp sanly gymmatly maglumatlary ýüze çykardy. Şol gazuw-barlag işleriniň dowamynda ýadygärligiň bu döwre degişli medeni gatlaklarynda gadymy desgalaryň diwar galyndylary, zähmet gurallary, keramika önümleri bilen bir hatarda, ak bugdaýyň däneleri hem ýüze çykaryldy. Bu açyşlardan soňra, sebitiň eneolit döwrüniň arheologik medeniýeti «Änew medeniýeti» ady bilen dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine ýaň saldy. XX asyryň ortalarynda Änew medeniýetine degişli başga-da birnäçe ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Orta asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änew galasy gülläp ösen şäherçä öwrülipdir. Serginiň açylyş dabarasyna Aba Annaýew adyndaky Halkara Atçylyk Akademiýasynyň, Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussatlary, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

«Taryhyň köklerine siňen gadymy mekan» atly sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes