Previous Next

“1-NJI SENTÝABR – BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI” MYNASYBETLI MUZEÝE GEZELENÇ

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berildi. Bilim ojaklaryndaky ilkinji jaňlar täze ― 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlaýar. Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäheriniň lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň hem-de Arkadag şäheriniň 3-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda muzeýe gezelenç gurnaldy. Munuň üçin bagtyýar nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyza hoşallygynyň çägi ýokdur. Ýaş nesillerimize döwrebap bilim bermek üçin ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli bütindünýä adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
“1-NJI SENTÝABR – BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI” MYNASYBETLI MUZEÝE GEZELENÇ
Note 0 sur 5 Pour 0 votes