«Şöhratly taryhymyz – milli mirasymyz» atly maslahat
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Şöhratly taryhymyz milli mirasymyz» atly maslahat geçirildi. Maslahatda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktoryNurmyrat Annaçaryýew,Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Göwher Muhammetgulyýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmmedow adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Mährigözel Atdaýewa, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň birleşmesiniň Arkadag şäheriniň komitetiniň partiýa guramaçysy Bägül Kulamanowa çykyş etdiler.
Türkmeniň halkynyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhy, medeni mirasy we şöhratly geçmişi bilen dünýä siwilizasiýasyna uly goşant goşan gadymy halklaryň biridir. Türkmen milli medeniýeti köpasyrlyk taryhy hem-de baý ruhy mirasy özünde jemleýän gymmatlykdyr. Ol halkyň durmuş ýoluny, däp-dessurlaryny, sungatyny we edebiýatyny şöhlelendirip, türkmen halkynyň milli özboluşlylygyny kemala getirýär.
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Şöhratly taryhymyz – milli mirasymyz» atly maslahat geçirilýär. Muzeýler we medeni mirasy halkyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny we milli gymmatlyklaryny goralyp saklanýan, öwrenilýän hem-de geljekki nesillere geçirilmegini üpjün edýän esasy medeni ojaklaryň biridir.
Medeni miras — bu bir halkyň ýa-da jemgyýetiň taryhyň dowamynda döreden, nesilden-nesle geçirilip gelýän ähli taryhy, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň toplumydyr. Taryhy ýadygärlikler, binagärlik desgalary, arheologik tapyndylar, gadymy golýazmalar, milli egin-eşikler, halylar we zergärçilik sungatynyň eserleri degişlidir.Muzeýler – geçmiş bilen geljegiň arasynda berk baglanyşyk döredýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde taryhy-medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary öwrenmek we dünýä ýüzüne ýaýmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Merw, Köneürgenç, Nusaý ýaly taryhy mekanlarymyz sebitleýin we ählumumy siwilizasiýanyň möhüm merkezleri hökmünde yglan edildi. Ata-babalarymyzyň galdyran beýik mirasyna wepaly bolup, ony gelejekki nesillere arassa we üýtgetmän ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmen milli medeniýeti diňe bir geçmişiň mirasy bolman, eýsem halkyň gelejege bolan ynamyny hem-de ruhy kuwwatyny saklap gelýän beýik binýatdyr.
Maslahata gatnaşan myhmanlar Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasynda saklanýan şekillendiriş,amaly-haşamsungatynyň eserlerinden şeýle hem sowgatlyklardan gurnalan sergini synladylar. Sergi türkmen halkynyň baý medeni mirasyny we onuň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryna goşýan goşandyny söhlelendirdi.Şeýle hem maslahatyň dowamynda Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen milli aýdym-sazlary ýaňlandy.
«Şöhratly taryhymyz – milli mirasymyz» atly maslahat

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.