«Milli mirasymyza sarpa» atly sergi
Gadymyýetden gözbaş alýan türkmen medeniýeti halkymyzyň beýik taryhynyň, özboluşly däp-dessurlarynyň hem-de ruhy gymmatlyklarynyň şöhratly waspnamasydyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan, gadymy siwilizasiýalaryň biri-biri bilen ýakyn arabaglanyşyk gurmagynda möhüm merkez bolup hyzmat edipdir. Bu beýik medeni ýoly tutuş adamzadyň taryhynyň, medeniýetiniň hem-de ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr.
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Milli mirasymyza sarpa» atly sergi gurnaldy.Halkyň taryhy-medeni mirasy onuň ruhy baýlygy hem-de geljege bolan ynamly ädimidir. Sergi türkmen halkynyň asyrlar boýy döreden, saklap gelen we nesilden-nesle geçirip gelýän maddy we ruhy gymmatlyklaryny uly buýsanç bilen köpçülige hödürleýär. Serginiň esasy maksady – geçmiş bilen häzirki zamanyň arasyndaky uzalyp gidýän baglanyşygy görkezmek we ýaş nesillere milli äheňde düşündirmekdir.
Sergä Arkadag şäheriniň ýaşululary Garapetow Tejenguly, Pöwwäýew Muhammetöwez, ak saçly enelerimiz Annaçaryýewa Amansoltan, Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebinde mekdebiniň mugallymyAkmyradowa Gurbanbibi, şeýle hemArkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň hünärmenleri, Arkadag şäheriniň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Arkadag şäheriniň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hünärmenleri, muzeý işgärleri gatnaşdylar.
Sergide meşhur türkmen halylary we haly önümleri, taryhy gymmatlyklarymyz, türkmeniň milli saz gurallary, türkmen bedewiniň heýkelleri, sünnälenip nepis ýasalan at esbaplary, milli lybaslar, şaý-sepler sergilendi. Bu gymmatlyklaryň her birinde halkyň dünýägaraýşy, tebigata bolan söýgüsü we çeperçilik zehini jemlenendir.
«Milli mirasymyza sarpa» atly sergi diňe bir taryhy gymmatlyklaryň toplumy bolman, eýsem türkmen halkynyň ruhy dünýäsine syýahat etmekden, milli mirasymyzy öwrenmekden ybaratdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamynyň wekilleriniň öňünde durýan wezipeleriň çözülmegi ýurdumyzda türkmen jemgyýetiniň ägirt uly ruhy we döredijilik kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere goşmaça itergi bermäge ýardam eder.
«Milli mirasymyza sarpa» atly sergi

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.