Previous Next

“Şöhratly ahalteke bedewleri” atly sergi

/> Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Şöhratly ahalteke bedewleri” atly muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi geçirildi. Sergide milliligimiziň nusgasy bolan türkmen bedewine bagyşlanan eserler, şaý-seplerimizi, heýkeller, küýzeler we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar sergilenen. Sergä Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hünärmenleri we Аba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr, talyplary gatnaşdylar. Sergi we muzeýe gezelenji hem talyplara behişdi bedewlerimiz hakynda taryhy maglumatlary öwrenmekde gyzykly çeşme bolup hyzmat edýär.
“Şöhratly ahalteke bedewleri” atly sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes