“Muzeý ulgamynda sanly- tehnologiýalar ösüşiň möhüm açary” atly okuw-usuly maslahaty
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Arkadag şäherinde täze döwrebap binalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Arkadag şäheriniň ajaýyp binalarynyň arasynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem bolup, biziň muzeýimizde bu çäkleriň, tebigaty, taryhy, milli mirasy, ýagny etnografiýasy, sungaty, Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşleri, ýeten belent sepgitleri ylmy esasda öwrenilýär muzeý gymmatlyklary goralyp saklanylýar. Muzeý ekspozisiýasynda häzirki zaman täze tehnologiýalaryň tilsimatlary ulanyldy.
Häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynda ykjam we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň yzygiderli kämilleşmeginiň netijesinde QR-kody ulanmak has giňden ýaýrady. Ýurdumyzda muzeýler ulgamynda ilkinji gezek Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod hyzmatlary ulanyşa girizildi. QR-kod monohrom şekil bolup, ol özünde dürli maglumatlary jemleýär we «Quick Response Code» («tiz tassyklanylýan kod») diýip düşündirilýär hem-de telefon programma üpjünçiliginiň QR-koddaky maglumatlara çalt düşünmek we özgertmek ukybyny görkezýär. Muzeýi görmäge gelen her bir adam üçin bu hyzmat elýeterlidir. Şonuň üçin ykjam telefonda QR-kody ulanmak arkaly muzeý ekspozisiýasynda sergilenen her bir gymmatlyk barada giňişleýin maglumaty bilmäge mümkinçilik bar. QR koddan peýdalanmak üçin ony öz smartfonda, planşetde surata düşürmek ýeterlikdir. Ýörite programma arkaly okadylan kod muzeýi görmäge gelýänler üçin muzeý esbaplary barada maglumatlary özbaşdak tanyşmak mümkinçiligini döredýär.
“Muzeý ulgamynda sanly- tehnologiýalar ösüşiň möhüm açary” atly okuw-usuly maslahaty

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.