Previous Next

«Mirasym – mertebäm hem-de ýörelgäm» atly söhbetdeşlik

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary esasynda Diýarymyz dünýäniň iň bir ösen döwletleriniň hatarynda barýar. Ýurdumyzyň her bir pursady guwandyryjy wakalara beslenýär. Şeýle ajaýyp zamanada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşidir özgerişlerini, halkymyzyň dünýäni haýrana goýýan milli gymmatlyklaryny, ruhy mirasyny aýawly saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar.Mil­li mi­ra­sy­myz jem­gy­ýe­tiň ru­hy baý­ly­gy­nyň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­dir. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Mirasym – mertebäm hem-de ýörelgäm» atly söhbetdeşlik duşuşyklaryň biri geçirildi. Çärede hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda milli mirasymyzyň, gadymy gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, sungatymyzyň şöhlelendirilişi bilen baglanyşykly gyzykly söhbet edildi. Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikde myhmanlar halkymyzyň arasynda saklanyp galan edebi ýadygärlikleri öwrenmegiň nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedigini aýratyn nygtadylar.Türk­men hal­ky­nyň ga­dy­my me­de­ni mi­ra­sy, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry asyr­la­ryň uzak heň­ňam­la­ry­nyň do­wa­myn­da bar­ha baý­la­şyp, kä­mil­le­şip gel­ýär. Ýagny, hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­zyň baý dur­muş tej­ri­be­si esa­syn­da top­la­nan mil­li-ru­hy me­de­ni mi­ra­sy­ny öw­ren­mek, top­la­mak, ola­ryň ga­dy­my nus­ga­la­ry­ny ýü­ze çy­kar­mak, ha­sa­ba al­mak we gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek ba­ba­tyn­da mö­hüm we­zi­pe­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.Müň­ýyl­lyk­la­ryň için­den baý tej­ri­be top­lap ge­len hal­ky­my­zyň dün­ýä nus­ga­lyk mi­ra­sy, mil­li gym­mat­lyk­la­ry, edim-gy­ly­my we aja­ýyp däp-des­su­ry bar. Bu gym­mat­lyk­lar ös­dü­ri­lip, kä­mil­leş­di­ri­lip bi­ziň gün­le­ri­mi­ze ýe­ti­ri­lip­dir.

Milli mirasymyzy aýawly saklamak, gadymy däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy gelejekki nesillerimize ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

«Mirasym – mertebäm hem-de ýörelgäm» atly söhbetdeşlik
Note 3 sur 5 Pour 243 votes