Previous Next

«Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünärim göreldäm» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Zenan bu özi bilen birnäçe gözellikleri döredip bilýän gudrat çeşmesidir. Türkmen halkynyň baý milli mirasynyň bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Çeper zehinli, ezber zenanlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilen sungat eserleri türkmeniň gaýtalanmajak milli öwüşgünligidir. Özüniň bezeg aýratynlygy, özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen nagyşlarynda halkymyzyň gözel tebigatynyň keşbini, milliligini görmek bolýar. Nepislik, inçelik bilen çekilen keşdeleriň her biri türkmen milliligine bolan buýsanjy oýarýar.

    2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag Şäheriniň birleşmesiniň,  Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Ogulabat käbämiziň on barmagynyň döreden nepisliklerini wasp etmek maksady bilen «Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünärim göreldäm» atly “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige  Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäheriniň mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji Zenanlar guramasynyň işjeň agzasy Güljana Garýagdyýewa  şeýle-de Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Bägül Gylyjowa, Arkadag şäheriniň  ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy Enar Agaýewa dagy gatnaşdylar. Olar ene-mamalarymyzdan nesilme-nesil dowam edip gelýän milli mirasymyzyň gymmatlyklary dogrusynda gyzykly gürrüňler berdiler. Milli mirasymyzyň nepisliklere siňip giden gymmatlyklaryny gorap saklamakda muzeýde ýerine ýetirilýän işler dogrusynda täsirli çykyşlar boldy. Türkmen zenanlarynyň ruhy gözelliginden, çeper ellerinden dörän nepis keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip öz gymmatyny ýitirmän, eýsem döwrebaplaşyp häzirki günlerimizde hem ajaýyplygy bilen  ýakymly täsir goýýandygy barada beren gürrüňleri dabara gatnaşanlarda täsir galdyrdy.

Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

«Maşgala mukaddesligi ýörelgäm, el hünärim göreldäm» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik
Note 1 sur 5 Pour 3 votes