Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatlykçylyk mukamydyr. 1991-nji ýyldan bäri taryh boýunça geçilen ýola ser salyp görseň, edilen işlere göz aýlasaň, türkmeniň taryhynyň diýseň şöhratly-şanly, Watanyň, halkyň bähbidini nazarlaýan buýsançly wakalardan doludygyny görýärsiň. Şu gün hem Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde “Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Garaşsyzlyk, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýulan belent wezipeli işleriniň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy dogrusynda gürrüňler edildi. Bagşylarymyzyň bolsa ýerine ýetiren nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyna hiňlenen aýdymdyr, sazlary söhbetdeşligi has-da gyzykdyrdy. Garaşsyzlygyň ýurda, ýurduň halkyna eçilen miwelerinde gördük. Bu gün döwrümiz şeýle bir özgerdi, halkymyza şeýle bir ajaýyp döwran dolandy, bize diňe geçilen şanly ýollara guwanyp, Garaşsyzlygyň eçilen eşretlerini duýup ýaşamak galýar. Goý, Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin! Goý, ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşine ýaň salsyn!