Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni esasy döwlet baýramy bolmak bilen, ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda gazanylan üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri alamatlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda durmuş-syýasy ulgamda, diplomatiýada uly üstünliklere ýetildi, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler netijeli dowam edýär, halkymyzyň abadançylyk derejesi barha ýokarlanýar, durmuş-ykdysady ösüşde giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, toplumlaýyn milli maksatnamalar, taslamalar amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk biziň döwletimiz üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, ygtybarly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde, hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin, geljegi uly ugurlaryny giňeltmekde uly mümkinçilikleri açdy. Häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýä giňişliginde mynasyp orun eýeleýär. 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inzener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor mugallymlarydyr, talyplarynyň hem-de Şükür Bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Garaşsyzlyk ähli üstünliklerimiziň özeni” atly sergi gurnaldy. Ýagny, serginiň dowamynda mugallymlar we talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, muzeý gymmatlyklaryndan düzülen zergärçilik sungatyna degişli zenan we at şaý-sepleri, haly we haly önümleri, suratkeşleriň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşi bilen bagly surat eserleri we nakgaşçylyga degişli birnäçe eserler bilen tanyş boldular. Bagşy mugallymlaryň aýdym-sazly çykyşlary hem serginiň bezegi boldy. Garaşsyzlyk halkymyza öz pikir-düşünjelerini, türkmençilik ýoluny, müňýyllyklardan bäri sünnäläp gelýän ýörelgelerini dünýä wagyz etmäge, kämilleşdirmäge giň mümkinçilik açdy. Dabaranyň ahyrynynda milli däp-dessurlary gaýdyp beren, milli baýramlarymyzy täzeden dikelden, maddy taýdan galkynan halkymyz, medeni taýdan hem ýokary derejelere ýetiren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlary we şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdylar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, bütindünýä adamzat ähmiýetli beýik işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda toýlarymyz toýlara ulaşsyn!