Previous Next

Arkadag şäherinde medeniýet hepdeligi

   «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenilýän, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet  gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeligi başlady. Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasy esasynda, muzeý hünärmenlerini gatnaşmaklarynda «Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri» atly iş  maslahatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasyna welaýatlaryň muzeý hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinden, “Watan mukaddesligi” muzeýinden, “Gökdepe” milli muzeýinden, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşydylar.

Açylyş dabarasynyň başynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginiň ýerli ýaşaýjylarynyň Horezmşalar döwrüne degişli tapylan altyn we kümüş teňňeleri Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyna tabşyryldy. Ol täsin tapyndylary tapan ildeşlerimize gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabarada muzeý ýolbaşçylaryň, ökde hünärmenleriň muzeý gymmatlyklary dogrusynda gyzykly çykyşlary diňlendi. Çykyşlarda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan maksatlaýyn işler barada, alnyp barylýan işlerde sanly ulgamyň ähmiýeti dogrusynda, olary gorap saklamagyň aýratyn ugurlary hakynda, Şekillendiriş sungatynyň eserlerini gorap saklamakda talap edilýän şertleriň ähmiýeti babatda, muzeý gaznahanalarynyň abzallaşdyrylyşy hem-de muzeý gymmatlyklaryny ýerleşdirmegiň kadalary we tertibi hakynda hem täsirli çykyşlar boldy.  Maslahatyň has-da aýratynlykly tarapy wideogörnüş arkaly TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Muzeýler birleşiginiň baş utgaşdyryjysynyň, Gazagystan Respublikasyndan muzeý ýolbaşçysynyň, Türkiýe Respublikasyndan muzeý ýolbaşçysynyň, Özbegistan Respublikasyndan muzeý ýolbaşçysynyň onlaýn çykyşlaryna  we gutlaglaryna wideogörnüş arkaly tomaşa edildi. Soňra iş maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisini Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi-ekspozisiýasy bilen tanyşdyryldy.

Arkadag şäherinde medeniýet hepdeligi
Note 1 sur 5 Pour 3 votes