Sungat bölümi
Häzirki döwürde türkmen sungaty halkyň çeperçilik medeniýeti pajarlap ösýär we türkmen halkynyň ruhy dünýägaraýşynyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Muzeýiň sungat ekspozisiýasynda dürli görnüşli nakgaş, grafika eserleri, keramika, heýkeltaraşlyk işleri ýerleşdirilen. Bu sungat eserlerinde türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, gadymy we häzirki zaman däp-dessurlary we halkyň şöhratly taryhy beýan edilýär. Dürli reňkleriň öwüşgünlerinde döredilen bu ajaýyp eserler türkmen tebigatynyň gözelliklerini açyp görkezýär. Olarda oba zähmetkeşleriniň durmuşy, zenanlaryň keşbi hem öz beýanyny tapýar. Bu sungat eserleri ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we şöhratly geçmişi öwrenmekde çeşme bolup durýar. Taryhy döwürleri, halkyň gahrymançylykly geçmişini şeýle-de taryhy şahsyýetleri görkezýän suratlar tomaşaçylarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Ekspozisiýanyň dowamynda keramika sungatyna hem aýratyn orun berilýär.
«Sungat» älemi adamzadyň kalbyna şatlyk çaýýan, ynsan ruhuna ruh goşup, adamzadyň aň-düşünjesini, arzuwlaryny jadylaýjy ajaýyp dünýäsine gaplap alýan, ýagşy niýetlere atarýan äpet täsirli güýiçdir. Garaşsyzlyk döwrüniň sungatynda öňde goýulýan wezipeleriň gerimi giňeýär. Halkyň «ruhy galkynyşy» sungatda şöhlelenýär.
Eserlerde millilik, arassa ahlakçylyk, parasatlyk, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetler şöhlelendirilýär. M.Gubyýewiň «Gökdepe», Ý.Kuliýewiň «Kerwen», K.Begenjowyň «Umyt» atly nakgaş eserleri, M.Işangulyýewanyň «Geçmişe uzaýan ýol», N.Seýtiýewiň «Kerwen» atly heýkel eserlerinde türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini beýan edýär. Ekzpozisiýanyň dowamynda O.Gulhanowanyň, G.Baýryýewanyň, J.Bazarowanyň keramika eserleri özüniň nepisligi bilen tapawutlanýar.
Dünýäniň çar ýanyna ýaýran türkmenleriň aýdym-saz sungaty umumytürki halklarynyň aýdym-saz sungatynyň aýrylmaz bir şahasy bolup durýar. Halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr-sazlaryň uly hormata mynasypdygy ýokary derejede döredilen mukamlar muňa şaýatlyk edýär. Türkmen halkynyň häzirki döwre çenli gadymdan gelýän dutar (tamdyra), gyjak, tüýdük (ýedi bogun, dilli tüýdük, şadyýan tüýdük), gopuz ýaly saz gurallary bolupdyr.
Muzeýi görmäge gelen tomaşaçylar üçin täze tehnologiýalaryň kömegi bilen bu ýerde türkmen sungatyna degişli bolan gymmatlyklar bilen bilelikde şol sungatda ýerine ýetirilýän aýdym-sazyň owazyny diňlemek mümkinçiliginden peýdalanyp bilýärler. Ýagny tomaşaçy dutar, gyjak, gargy tüýdük saz gurallarynyň ýanyna baranlarynda şol sungaty owazy bolup ýaňlanýan mukamy diňläp bilýärler.