Muzeýiň tebigat bölümi Merkezi Köpetdagyň jülgesini görkezmek bilen başlanýar. Bu dioramada Köpetdagda duş gelýän guşlaryň we süýdemdirijileriň görnüşleri görkezilýär. Merkezi Köpetdagda onlarça giň dereler ýerleşýär. Witrinada Germap, Arwaz, Gökdere, Siýazaw, Sekizýap, Arçabil we Berkow ýaly dereler görkezilýär. Türkmenistanyň çäginde onlarça gorag astyndaky tebigy ýadygärlikler ýerleşýär. Bu witrinada Ahal welaýatynda ýerleşýän birnäçe tebigy ýadygärlikleriniň fotosuratlary görkezilýär. Olar: Kiçi Nyýazymdaky çynarlar, Garaýalçydaky grek hozunyň tokaýjygy, Köwata ýerasty köli, Bäherden etrabyndaky Abydere şaglawugy, Garagum çölündäki Antropogen çöketligi we Berkow deredäki asyrlar boýy ýaşan, iň uly türkmen arçasy. Witrinada ýurdumyzda duş gelýän guşlaryň birnäçe görnüşleri görkezilýär.

Garagum derýa dünýädäki iň uly gidrotehniki desgalaryň biri. Dioramada Garagum derýanyň bir bölegi görkezilýär we onuň kenarynda höwürtgeleýän, uçup geçýän we gyşlaýan guşlaryň birnäçe görnüşlerini görüp bolýar.

Ahal welaýatynyň çägi tebigy gaza, nebite baý hasaplanylýar. Ahal welaýaty gazylyp alynýan baýlyklardan gurluşyk materiallaryna hem baýdyr. Aýratyn hem kwars çägesiniň, toýnuň, hek we çäge daşlarynyň, dolomitiň, çagylyň gorlary uludyr. Olaryň senagat merkezlerine ýakyn ýerleşmegi welaýatda aýna, demir-beton, sement önümçiliklerini ýola goýmaga mümkinçilik döredýär.

Ekspozisiýanyň dowamynda dermanlyk ösümlikleriň guradylan nusgalaryny we foto suratlaryny görüp bolýar. Witrinada alym, gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaby, şeýle hem aýna gaplarda birnäçe dermanlyk ösümlikleriň guradylan pudaklary görkezilýär.

Muzeý Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň ösüşi, türkmeniň gadymy taryhy, ýaşaýyş we maddy medeniýeti, sungaty, tebigaty beýan edilip, maglumatlar we gymmatlyklar esasynda halk köpçüligine ýetirilýär.