Taryh we arheologiýa bölüminde türkmen halkynyň birnäçe müňýyllyklaryň taryhyndan habar berýän maglumatlar we gymmatlyklar şeýle hem taryhy ýadygärlikleriň kiçeldilen nusgalary görkezilýär. Günorta Türkmenistanyň daglary, düzlükleri hem-de sähralary onuň sallançagy bolupdyr. Ahal welaýaty, ýurduň beýleki sebitleri ýaly, özüniň çäklerinde ýerleşýän ajaýyp türkmen taryhynyň we ruhulylygynyň ajaýyplylygy bilen gözleg geçirijileriň we syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Olar milletiň esasy ruhy sütüni we nesilleri birleşdirýän, milli däp-dessurlary dowam etdirilýändigini we türkmen topragynyň beýik geçmişine hormat goýulandygyny, onuň gahrymançylykly we zehinli halkdygyny tassyklaýan dürli arheologiki döwürlere we etnomedeniýet däplerine degişli bolan, hronologik we wakalar bilen bagly bolmadyk taryhy ýadigärliukler bilen birleşendir.

Türkmenistanyň çäginde eneolit zamanynyň ýadygärlikleriniň içinde ilkinji agzalmalysy Änew medeniýetidir. Änew sebiti ak bugdaýyň mekany hasaplanylýar. Änew medeniýetiniň ilkinji iki döwri eneolit zamanyna degişli bolup, ol takmynan b.e.ö. V-III müň ýyllyklary öz içine alýar. Soňky iki döwür bolsa bürünç-demir asyryna degişli bolup, b.e.ö. II-I müň ýyllyklar bilen senelenýär. Änew galasynyň has irki gatlagy antik döwre degişlidir. Metalyň ulanylyp başlanmagy bilen, türkmen topragynda suwarymly ekerançylyk medeniýeti has-da ýokary göterilipdir. Ilkinji ekerançylyk önümleri hem arpa bilen bugdaý bolupdyr. Köpetdag etegindäki Änew, Namazgadepe, Garadepe, Tejen derýasynyň aşak akymyndaky Göksüýri, gadymy Uzboýuň ekerançylyk obalary uly möçberlere ýetipdir. Bu obalaryň ilaty suwarymly ekerançylyk bilen meşgul bolup, uly suw howdanlaryny gurupdyrlar, kanallary çekipdirler. Günorta Türkmenistanyň eneolit döwrüniň ilaty dag çeşmeleri joşýan wagty, öňüne böwet basyp, ekin meýdanlaryny çilläp, suwarmak usulyny özleşdiripdirler. Eneolit döwrüniň ekerançylary düýe, ýaby, öküz goşup, ýer sürmäge başlapdyr. Azalyň dolanyşyga girmegi bilen, sürümli ekerançylyk ýüze çykypdyr. Ekspozisiýada Änew depeleriniň medeni gatlagy, jaý gurluşygy, küýzegärçilik önümçiligi, zähmet gurallaryň täze görnüşleri, ikbaşlar we daş kätmenler senetçiligiň gülläp ösendigi we uly ösüşleriň eýe bolandygynyň şaýadydyr. Neolit we eneolit döwrüniň gap-gaçlarynda türkmen halysynda ulanylýan nagyşlaryň we gölleriň şekili çekilipdir. Şunuň ýaly gap-çanaklara haly stilli keramika diýilýär. Haly stilli keramikanyň nagyşlary gara we gyzyl reňkler bilen çekilipdir. Ekspozisiýa aralary bir-birlerinden uzak bolmadyk iki sany gala, ýagny, Köne we Täze Nusaý galalary barada gyzykly maglumatlar bilen dowam edýär. Hakykatda bolsa Täze Nusaý galasynyň ýerleşen ýerinde heniz Köne Nusaý galasynyň düýbi tutulmazdan müň ýyldan hem gowrak ozal oturymly ekerançylyk obasy ýerleşipdir. Emma, günbatarky galada ýaşaýyş XVII-XVIII asyrlarda hem dowam edipdir.

Türkmenistanyň XIX asyr taryhynda Gökdepe galasynyň aýratyn orny bar. Gahryman gala edermenligiň, gaýduwsyzlygyň dünýä nusgalyk nyşany hökmünde taryhyň altyn sahypalarynda özüniň mynasyp ornuny tapdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gökdepe galasy asyl nusgasynda täzeden dikeldilip, onuň tutýan meýdanynda kaşaňlygy we ajaýyplygy bilen Merkezi Aziýada deňsiz-taýsyz metjit we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan muzeý guruldy.

Orta asyr Abiwerd şäherini (Peşdag şäheri, Kaka demir ýol duralgasynyň golaýynda ýerleşýär) hem burçlary atyşhanaly ýarym aýlaw diňler bilen berkidilen gala diwary gurşap, onuň daş ýüzünden berkitme haýat we duşman çozanda suw bilen doldurylýan garym aýlanylypdyr. Ark-kuhendiz şähristanyň demirgazyk-gündogar diwarynda ýerleşip, ol hem ýarym aýlawly diňler bilen gurşalypdyr. Rabat esasan, günorta we günbatar taraplara uzalypdyr. Bu ýerde esasan, senetçilik önümçiligi ýerleşipdir. Şeýle hem, rabatda şäheriň senetçileriniň öndürýän önümlerini çarwalaryň harytlary bilen alyş-çalyş edýän bazarlary ýerleşipdir. Abywert Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Peştag galasynyň gadymy adydyr.