Etnografiýa bölüminde türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy-ruhy medeniýetiniň köpdürli we baý mazmunly görnüşleri diaramalaryň we gymmatlyklaryň asyl nusgalary bilen giňden beýan edilýär. Türkmenistanň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi, ilatyň gadymylygy onuň hojalyk durmuşynyň, baý sungatynyň, maddy we ruhy medeniýetiniň müňýyllyklaryň dowamynda saldamly ösüşleriniň esasy boldy. Ata-babalarymyz has irki döwürlerde ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar, haýwanlary eldekileşdiripdirler, ýagny ilkinji ekerançylar we maldarlaryň ýaşan ýerleri bolan Arkadag şäheriniň çäklerindäki ýaşaýyş durmuşy görkezýän gyzykly maglumatlar muzeýde öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň gadymy ilaty, ýagny türkmen halkynyň etnogenezini esaslandyran parfiýalylar, margianalylar, horasanlylar, horezmliler, dahlar, massagetler, saklar, eftalitler, alanlar, oguz türkmenleri barada antik ýazarlarynyň işlerinde maglumatlar bar. Orta asyr çeşmelerinde halkymyzyň däp-dessurlary, hojalyk görnüşleri, senetçilik kärleri babatynda beýan edilýär. Türkmenleriň asylly maşgala dessurlary, zenanlara bolan hormaty, milli tagamlary, egin-eşikleri, ýaşaýyş jaýlary, köp görnüşli we ösen hünärmentçiligi baradaky maglumatlar ata-babalarymyzyň iňňän gadymy oturymly medeniýetinden habar berýär. Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda maddy-ruhy medeniýetiniň köpdürli we baý mazmunly görnüşlerini döretdi. Türkmenistanyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi, ilatyň gadymylygy onuň hojalyk durmuşynyň, baý sungatynyň, maddy we ruhy medeniýetiniň müňýyllyklaryň dowamynda saldamly ösüşleriniň esasy boldy. Türkmenistanyň çäginde adamzat taryhynda iň gadymy ekerançylyk merkezleriniň biri bolan Jeýtun medeniýeti döredi (b.e.öňki VII–VI müň ý.). Ata-babalarymyz ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar, haýwanlary eldekileşdiripdirler, ýagny ilkinji ekerançylar we maldarlardyr. Namazgadepeden tapylan zähmet gurallary, palçykdan ýasalan heýkeljikler we nagyşlanan gap-gaçlar medeniýetiň wagtyň geçmegi bilen kämilleşenliginiň aýdyň subutnamasydyr.

Käriz – çylşyrymly gidrotehniki gurluşyk bolup, ol belli bir araçäk bilen gazylan yzygiderli guýulardan emele gelýär. Gurulýan kärizleriň çuňlugy birnäçe metre ýetýär, ýerasty ötükleriň (kanallaryň) uzynlygy bolsa birnäçe kilometre uzaýar. Bu iş agyr zähmeti talap edip, kärizgenler üçin howply bolmagynda galýar. Çöllük ýerlerde kärizler agyz suwuň gözbaşydyr. Türkmenler olary yhlas bilen çöl çägeliklerinden gorapdyrlar.Dioramada käriziň ýeriň üstündäki guýulary we aşaky ötükleriň gurluşy görkezilýär. Bu ýerde guýy gazýanlar we ýeriň astyndaky ötügi gazýan kärizgenleri görkezmek üçin öň tarapyny kesip fragment görnüşinde şekillendirilýär. Ýagny, dioramany synlaýjylara kärizler barada düşünje bermek üçin pursat döredi.

Türkmenistanda iň kämil derejä ösüp ýeten sungatynyň biri zergärçilik sungatydyr. Türkmen zergärleri öz kärlerini diýseň oňat bilýänligi, ýiti duýgurlygy, özleriniň döredýän eserlerine edil suratkeş ýaly çemeleşýänligi bilen tapawutlanýarlar. Zergär ussalar öz käriniň däplerini, inçe syrlaryny atadan-ogla, nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Olar esasan hem gyz-gelinleriň şaý-seplerini, atyň bezeg şaýlaryny ýasapdyrlar, gylyçdyr, gamalaryň gynyny we sapyny bezäpdirler. Bu esbaplary ýasamakda kümüş metaly köp ulanylypdyr. Şonuň üçin hem olara kümüşçi ussa-da diýilipdir. Olar ýasan önümlerini gymmatbaha ýa-da ýarym gymmatbaha daşlary bilen bezäpdirler. Olaryň arasynda iň ýörgünlisi hakyk we pöwrize daşlary bolupdyr. Kümüşden ýasalan önümleriň ýüzüne altyn çaýmak bilen olar öz eserleriniň ajaýyplygyny we täsirliligini artdyrypdyrlar. Gelin-gyzlaryň bezeg şaýlary beýleki milletleriň şaý-seplerinden ululygy hem-de köpdürliligi boýunça tapawutlanypdyr. Ussalar her bir şaýyň ýasanlarynda we olaryň bezeg işini ýerine ýetirenlerinde aýratyn usullylyk, çeperçilik bilen çemeleşipdirler. Şahyrlar we bagşylar ýaly zergärler hem halkyň arasynda uly hormata eýe bolupdyrlar.

Ýurdumyzda ýüpekçilik gadymy senetleriň biridir. Munuň şeýledigi barada dürli taryhy çeşmeler, ýurdumyzda uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan gazuw-agtaryş işleri şaýatlyk edýär. Ýüpek gurçugyndan ýüpek ýüplükleri almak ondan ýokary hilli ýüpek matalary dokamak asyrlar boýy özüne mahsus däplerini saklap şu günlere gelip ýetipdir. Türkmenistanyň çäklerinde adamlar irki döwürlerden bäri ýüpekçilik bilen meşgullanyp gelipdirler. Ýüpekçiligiň mesgeni Çyn-Maçyn hasaplanylýar we ol soňra Ýüpek ýolunyň üsti bilen beýleki ýurtlara, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinde-de ýaýraýar. Nusaýda, Merwde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan ýüpek matalaryň bölekleri oňa doly şaýatlyk edýär. Ýüpek sapaklardan esasan hem türkmen milli matasy ketenileriň dürli görnüşleri dokalypdyr.

Gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan türkmeniň haly sungaty özüniň deňsiz taýsyz owadanlygy, reňk sazlaşygy, berkligi bilen dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Türkmen milli sungatynda uly orun eýeleýän, halyçylyk sungaty ençeme asyrlaryň dowamynda kemala gelipdir we kämilleşip, ajaýyp nusgawy sungat hökmünde häzirki günlerimize gelip ýetipdir.

Ahal welaýatynyň halyçy zenanlary özleriniň haly we haly önümleriniň merkezine “guş”, “guşly”, “aýnagoçak”, “kejebe”, “pyşbaga”, “sekme”, “kerpiç” ýaly gölleri çitipdirler. Gyralaryna bolsa “erikgül”, “ýaşyl goçak”, “çakmak”, “çarhypelek”, “alaja”, “barmak” “suw”,  “ýaşylsuw”,  “uguç”, “böwrek”, “tegbent”, “bütinokgözi”, “dagdan”, “güjükyzy”, “gyýak”, “dagdanly darak”, “daragt”, ýaly nagyşlar çitipdirler. Halynyň gyralaryna “byçgy dişi”, “darak”, “kebelek”, “dyrnakly byçgy”, “çürgül” ýaly gadymy nagyşlary çitilip bezelipdir. Türkmenleriň durmuşynda halynyň uly orny bar. Dioramanyň merkezinde ýüwrdülen halynyň üstünde haly dokap oturan zenanlar görkezilýär. Olaryň gapdalynda syndy, keser, darak ýaly dokma gurallary bar, şeýle hem dürli reňkde ýüplükleri görmek bolýar. Öýüň diwarlarynda torba, horjun, çuwal ýaly haly önümleri asylyp goýulypdyr.

Ekspozisiýanyň merkezinde hojalyk durmuşy (howly) görkeziler. Ak öýüň içi daşy haly we keçe önümleri bilen XIX -XX asyryň başlaryna mahsus görnüşde bezelýär. Öýüň öň tarpynda tamdyr, ojak durýar. Öýüň arka tarpynda at esbaplary bilen bezelen bedew at basdyrmanyň aşagynda durýar.

Ekspozisiýada türkmen halkynyň hojalyk ýaşaýyş durmuşy barada maglumat, ony açyp görkezýän arhiw fotosuratlar, şeýle hem şol döwre degişli hojalyk esbaplary görkezilýär.