“Zenanlar ýaşaşyň gözelligi” atly gepleşik
/>
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografiýa bölüminde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň gurnamagynda “Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” atly gepleşige ýazgy edildi. Bu gepleşige Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Arkadag şäher birleşmesiniň hünärmeni Ogulnur Baýramowa, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Hallygözel Gurbangeldiýewa, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebi mugallymlary we talyp ýaşlary we Arkadag şäher hakimliginiň Bagt köşgüniň hünärmenleri çykyş etdiler. Olaryň her biri zergärçilik sungaty hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.Ýagny, türkmen zergärçilik sungatynda aýal-gyzlaryň şaý-sepleri esasy orny eýeleýär. Adamzat taryhynyň irki döwürlerinden bäri adamlar daş-töweregindäki zady diňe peýdaly ulanman, eýsem gözelleşdirmegi hem isläpdir. Şol gözellik islegi bilen ýüze çykyp, müňlerçe ýyllap dowam edip gelýän sungatlaryň biri hem — zergärçilik sungatydyr.Gymmat bahaly we ýönekeý metallardan, daşlardan, beýleki materiallardan bezeg şaýlaryny ýasamak sungaty diňe bir bezeg üçin däl, eýsem halklaryň medeniýetiniň, dininiň, durmuş ýörelgesiniň hem-de aň-düşünjesiniň beýany hökmünde hem aňladylýar.
“Zenanlar ýaşaşyň gözelligi” atly gepleşik

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.