Previous Next

“Zeminiň gül-görkli zenanlary” atly sergi

“Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylymyzda gül-lälelere beslenip gelen bahar paslynyň dowam edýän ajaýyp günlerinde Halkara zenanlar güni – 8-nji mart baýramçylygyny uludan bellemeklik her bir ynsanyň kalbyny heýjana salýar. Diýarymyzyň çar künjeginde bu ajaýyp bahar baýramy mynasybetli dürli çäreler barha dabaralanýar.Türkmen halky öz zenanlaryny, mähek daşyna deňelýän kümüş saçly eneleri hemişe ýokary mertebelerde goýup, arzylaýan halk.8-nji mart baýramçylygynyň bellenilýän toýly günlerinde eneleriň, türkmen zenanlarynyň waspy şahyrana şygyrlarda, hoş owazly aýdym-sazlarda, surat eserlerinde mahlasy tutuş adamzadyň dilinde belentden belent ýaňlanýar. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem 8-nji mart “Halkara zenanlar güni” mynasybetli “Zeminiň gül görkli zenanlary” atly sergi geçirildi. Sergä Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Bilim müdirligi we Jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän hünärmenleri gatnaşdylar. Sergide surat, nakgaşçylyk eserleri, zergärçilik şaý-sepleri, halylar ýerleşdirilen. Çykyşlarda Türkmenistanyň gülläp ösmeginde zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini, maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak barada, öz ýürek joşgunlaryny, serginiň täsirliligininygtap geçdiler.Çäräniň soňunda zenanlarymyzyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de mynasyp zähmet çekmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Hormatly Prezidentimiziň arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
“Zeminiň gül-görkli zenanlary” atly sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes