Previous Next

Ýylyň şygaryna bagyşlanan serginiň çäklerindäki tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik

Türkmen halky üçin 2026-njy ýyl aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýylda eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýram eder. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda hem-de özbaşdak ösüş ýolunda bedew at milletimiziň ynamdar we ygtybarly ýoldaşy hökmünde aýratyn orun tutýar. Köp asyrlaryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwaty, ýyndamlygy, gözelligi we akyllylygy bilen tapawutlanýan ahalteke bedewi bu gün Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň nyşany bolup durýar. Sergide muzeý gymmatlyklaryndan bolan birnäçe sowgatlyklar, surat eserleri, bedewlerimiziň gadymy we häzirki zaman bezeg şaý-sepleri, heýkeller ýerleşdirilen. Sergä Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler we Arkadag şäherinde bilim alýan talyp ýaşlar we mugallymlar gatnaşýarlar.
Ýylyň şygaryna bagyşlanan serginiň çäklerindäki tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik
Note 0 sur 5 Pour 0 votes