Türkmen hünärmenleri Almatyda geçirilýän halkara okuw maslahatyna gatnaşýarlar
ÝUNESKO-nyň Almaty şäherindäki sebit edarasynyň Aziýa weÝuwaş umman sebitinde maddy däl medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara okuw merkezinìň (CRIHAP) bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 8-10 sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa sebitinde maddy däl medeni mirasy goramakda muzeýleriň orny boýunça okuw maslahaty geçiriler. Bu maslahata Türkmenistandan hem Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň we Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri gatnaşýarlar.
Seminar-maslahatyň 1-nji güninde «Merkezi Aziýada maddy däl mirasy muzeýler arkaly saklamak» temasy boýunça sebitleýin okuw-amaly maslahaty.
Okuw-amaly maslahatynyň (seminar-trening) esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň muzeýleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň, ösdürmegiň we geljekki nesillere ýetirmegiň döwrebap usullaryny öwrenmekden ybaratdyr.
Maslahatyň işine gatnaşyjylar özara tejribe paýlaşdylar. Maddy däl medeni mirasyň ýitme howpy salýan medeni gymmatlyklary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek barada muzeýleriň ähmiýetiniň uludygy barada söhbetler edildi.
Türkmen hünärmenleri Almatyda geçirilýän halkara okuw maslahatyna gatnaşýarlar

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.