« Rysgal-bereket çeşmesi » atly sergi
Ýurt Garaşsyzlygy bilen däp-dessuryna, milli mirasyna eýe bolan agzybir halkymyz her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde döwlet derejesinde Hasyl toýuny belläp geçýär. Şol dabara mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Rysgal-bereket çeşmesi» atly sergi geçirildi.
Dabarada türkmen topragynyň berekedi dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary çykyş etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özgertmeleriň we gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde häzirki wagtda Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pudakda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.
goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär. Olary halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy ugrundaky döredijilikli zähmete mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.
« Rysgal-bereket çeşmesi » atly sergi

Ahal welaýatyň taryhynyň we medeniýetiniň baýlygyny öwreniň.