Previous Next

“Ene terbiýesi-durmuş ýörelgesi” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.

Görüm-göreldäniň mekdebi bolan mähriban enelerimiz diňe sözleri bilen däl, eýsem özleriniň asylly hereketleri, gylyk-häsiýetleri bilen hem nusgadygy, Gahryman Arkadagymyzyň enelere bagyşlanan “Enä tagzym- mukaddeslige tagzym ” atly kitaby asyrlaryň dowamynda dörän rowaýatlary, nakyllary, gymmatly maglumatlary özünde jemleýän jümleleri hakynda gyzykly gürrüňler edildi. Türkmen zenanlaryna, öz käbesi Ogulabat enä bagyşlanan “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly kitabyny bize peşgeş bermeginiň aýratyn ähmiýeti bar. Bu kitap biziň her birimiz üçin eziz ynsan - Ene hakynda täsirli hem-de çuňňur pähimli söhbediň beýanydyr. Maşgala ojagyna wepaly, watançy, zähmetsöýer nesilleri ýetişdirmekde bitirýän işlerini beýan edýän ajaýyp setirleriň mazmunyny özünde jemleýän bu kitap türkmen halkynyň zenanlara goýýan sylag-hormatynyň aýdyň nyşany, islendik adam üçin hem uly durmuş gollanmasy, ýokary ýaşaýyş mekdebidir.

Mähriban enelerimize, gelin gyzlarymyza çäksiz sarpa goýýan, olaryň mertebesini belentde tutmakda, edep- ekramyna hormat bilen garaýan türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

“Ene terbiýesi-durmuş ýörelgesi” atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik.
Note 0 sur 5 Pour 0 votes