Previous Next

Döwürleriň şaýady

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Döwürleriň şaýady» atly gepleşik teleýazgy edildi. Gepleşikde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgäri, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby çykyş etdiler. Gepleşikde Gahryman Arkadagymyzyň«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaplaryndatürkmen gelin-gyzlarynyň asyllylygy, mertligi, päk ahlagy hem-de döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky uly orny barada täsirli rowaýatlar we taryhy maglumatlar barada aýdyldy.Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhynda uly yz goýan, döwlet dolandyryşynda, jemgyýetçilik durmuşynda we maşgala edebinde öçmejek nusga bolup galan türkmen zenanlary barada giňişleýin durlup geçilýär.Türkmen halkynyň döwletlilik, agzybirlik ýörelgeleriniň gözbaşynda duran, nesillere dogry ýol görkeziji eneler hökmünde wasp edilýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, peder pendine eýerýän, türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Döwürleriň şaýady
Note 0 sur 5 Pour 0 votes