Previous Next

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, «Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany» atly sergi

/> «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip,1-nji iýun Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany»atly sergi gurnaldy. Çagalar bagtyýar durmuşymyzyň geljegi bolup, mähriban balalaryň sagdyn we ruhubelent ösmegi ugrunda çäksiz alada edilýär. MuzeýdeŞükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetiren işlerinden muzeýiň gaznasynda saklanýan eserlerden sergi gurnaldy we tapawutlanan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi tarapyndan gymmat baha sowgatlar bilen sylaglanyldy. Sergini synlamak üçin Arkadag şäheriniň 4-nji orta mekdebinde bilim alýan körpejeler we il ýaşululary, kümüş saçly enelergeldi. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýe almagy üçin uly tagallalar edilýän döwürde ähli amatlyklary bolan bilim ojaklary, çagalaryň sagdyn ösmegi üçin niýetlenen sport toplumlary, saglyklaryny goramak maksady bilen gurulýan saglyk öýleriň sany sanardan kändir. Watanymyzda edenli, edepli-ekramly, sagdyn ruhly bagtyýar ýaşlaryň ösüp kemala gelýän mekany bolan güneşli ýurdumyzyň goýnunda erkana ýaşaýan balalarymyza söýgümiz bimöçberdir. Olar üçin edilýän aladalaryň ýene biri dag eteklerinde misli ertekiler dünýäsini ýada salýan Gökdere çagalar-dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalarymyzyň her ýylda dynç alyş günlerini rahat geçirmegi üçin taýsyz tagallalar edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, «Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany» atly sergi
Note 0 sur 5 Pour 0 votes