«Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» atly sergi

«Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» atly sergi

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere beslenýär. 1-nji iýun – Çagalary goramagyň Halkara gününiň  dabarasyny uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçiler. Bu baýram mynasybetli  Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» atly sergi gurnaldy. Bagtyýar durmuşyň röwşen geljegi bolan gülmeňiz balajyklaryň sagdyn we ruhubelent ösmegi ugrunda ata Watanymyzda uly işler alnyp barylýar.Türkmen halkymyz şan-şöhratly taryhynyň dowamynda özüniň milli gymmatlyklaryna,  ynsanperwer ýol-ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watana wepalylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegine, ylymly-bilimli, giň gözýetimli ýaşlar   kemala gelmeginde uly işler alnyp barylýar. Ertirki günümiziň daýanjy bolup, ýurdumyzy belentliklere alyp gitjek  ýaşlara uly üns berilýär. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýe almagy üçin uly tagallalar edilýän döwürde ähli amatlyklary bolan bilim ojaklary, çagalaryň sagdyn ösmegi üçin niýetlenen sport toplumlary, saglyklaryny goramak maksady bilen gurulýan saglyk öýleriň sany sanardan kändir.

Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan, çaga durmuşyndan söz açýan  şekilleriň nakgaş eserleri, Çagalaryň öz elleri bilen çekilen suratlar, taryhy ýadygärliklerden tapyllan çaga oýnawaçlary, aşyklar, küýze, türkmen alabaýynyň şekili, güljagazyň ekilen görnüşleri, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

«Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» atly sergi
Note 1 sur 5 Pour 1 votes