Previous Next

«ALTYN DAMJA» DYNÇ ALYŞ MERKEZI – ŞADYÝAN ÇAGALYGYŇ AJAÝYP MEKANY

Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesinde ýerleşýär dynç alyş merkezlerinde çagalar üçin lager dynç alyşlary dowam edýär. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary «Altyn damja» dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler.Gökdere jülgesinde, tebigatyň goýnunda ýerleşýän «Altyn damja» dynç alyş merkezi tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin ajaýyp hem-de ýatdan çykmajak pursatlary sowgat edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary bu ýerde wagtlaryny diňe bir şadyýan geçirmän, eýsem täze dostlar edinip, wagtlaryny örän peýdaly we gyzykly geçirýärler. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Gökderede ýerleşýän «Altyn damja» dynç alyş merkezinde göçme sergi gurnady. Sergide çagalaryň çeken surat eserleri, guşlaryň gäpleri heýkeller, türkmen amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi. Sergini görmäge merkezde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçi mugallymlary gatnaşdylar. Sergide görkezilen dürli haýwanlaryň we guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň görnüşlerini hem-de dag-jülgeler, derýalar we çöller barada maglumatlar çagalar üçin täsirli boldy. Muzeý hünärmenleri muzeý gymmatlyklary, tebigaty söýmegi, ony goramagy, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmek barada ýönekeý we düşnükli maglumatlary berdiler. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we türkmen şekillendiriş we amaly haşam sungatyny öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar. Esasanam haýwanlaryň gäpleri we heýkelleri çagalarda gyzyklanma döretdi. Sergini synlan çagalar muzeýiň hünärmenlerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Muzeý gymmatlyklary çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrdy hem-de milli mirasa, gözel tebigatymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürdi. Gezelenç çagalarda ýakymly täsirler galdyrdy.
«ALTYN DAMJA» DYNÇ ALYŞ MERKEZI – ŞADYÝAN ÇAGALYGYŇ AJAÝYP MEKANY
Note 0 sur 5 Pour 0 votes