Garaşsyzlyk bölümi
Garaşsyzlyk bölüminde Arkadag şäheriniň häzirki zaman ösüşini görkezýän maglumatlar suratlaryň we gymmatlyklaryň üsti bilen beýan edilýär. Ekologiýa taýdan arassa, akylly, “ýaşyl ykdysadyýetli” Arkadag şäheri daşky gurşawyň goragy, ekologiýa abadançylygy, arassaçylygy baradaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.
Gahryman Arkadagymyz 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Arkadag şäheriniň düýbüni tutmaga ak pata berdi. Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlaryny, jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyşnamalaryny nazara alyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Kanuna laýyklykda Arkadag şäheriniň döredilmegi, şeýle-de täze şäheriň merkezi seýilgähindäki belent sungat binasyna döwrümiziň görnükli syýasatçysy, türkmen halkynyň beýik Ogly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gahryman Arkadagymyzyň adyny dakmak, ony «Arkadag Binasy» diýip atlandyrmak barada kabul edilen çözgütlerde uly many-mazmun, ajaýyp sazlaşyk bar. Arkadag şäheriniň taslamasynda şäheri we bütin sebiti dolandyryş-çäk birligi bilen bilelikde ösdürmegiň ulgam emele getiriji innowasion düzüm böleginiň binýady goýlup, onda sanly, intellektual ulgamlara, ýokary tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülen «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär.
Arkadag şäherinde açylyp ulanylmaga berlen durmuş we medeni maksatly binalar hem-de binalardaky häzirki zaman mümkinçilikler barada suratly maglumatlar ýerleşdirilen.
Häzirki wagtda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasaty hem-de giň gerimli özgertmeler umumadamzat gymmatlyklaryny, taryhy tejribäni, türkmen halkynyň milli ýörelgelerini, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň geljegini nazara almak bilen amala aşyrylýar. Ösüşleri bedew badyna deňelýän ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze, döwrebap orta we ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanmaga berilýär, ýokary okuw mekdeplerimizde hünärmenleri taýýarlamagyň täze ugurlary açylýar, talyplaryň sany köpeldilýär. Diýarymyzda bilim ulgamynyň dünýä bileleşigine has işjeň goşulyşmagy bilen, halkara ylym-bilim sergileri, ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär, olara professor-mugallymlar, bilim işgärleri, talyplar işjeň gatnaşýarlar. Okuwçy we talyp ýaşlarymyz halkara ders bäsleşiklerinde mynasyp netijeleri gazanýarlar. Arkadag şäherinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy we mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, ýalkymly watançy, edermen esger, ilhalar ynsan, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy we işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň bilim kuwwaty has-da ösdüriýär.