Перейти к содержимому

Поиск

Что вы ищете?

Новости 24 ноября 2026 г. 4 просмотра Yazgul

Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi

Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Arkadag teleýaýlymynyň bilelikde taýýarlamagynda «Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi» atly gepleşik-teleýazgy geçirildi. Teleýazgyda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Goýunjy geňeşligindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary çykyş etdiler.

Zenan maşgala ojagynyň ýylylygyny, mähribanlygyny we bereketini saklaýan iň belent gymmatlyklaryň biridir. Ol durmuşymyzyň her bir sahypasyna nur çaýyp, maşgalanyň agzybirligini, çagalaryň mähirli terbiýesini we nesilleriň dowamatlylygyny üpjün edýär. Zenanyň ýüregindäki mähir we sabyr-takatlylyk iň kyn pursatlarda-da maşgala gurşawyna asudalyk we ynam berýär. Ol öýüň bezegi, düşbi geňeşçisi we ýakyn goldawçysy hökmünde ýaşaýşyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Türkmen zenany öz zähmetsöýerligi, edep-ekramy we el işlerindäki ussatlygy bilen asyrlaryň dowamynda uly hormata mynasyp bolupdyr. Haly dokamakdan başlap, dürli pudaklardaky we jemgyýetçilik durmuşyndaky işjeňligine çenli zenanlaryň her bir ädimi döredijiligiň we gözelligiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli däp-dessurlarymyzy, dilimizi we ruhy ýörelgelerimizi ýaş nesle ýetirmekde zenanlaryň hyzmaty ölçegsizdir. Ene mähri bilen suwarylan çaga kalbynda Watan söýüjiligi, ula hormat goýmak we zähmete sarpa goýmak ýaly belent häsiýetler kemala gelýär. Zenan bar ýerinde — mähir, bereket we ýaşaýşyň özboluşly gözelligi bar. Onuň her bir gülmegi we mähirli sözi durmuşymyzy has ýagty, has manyly edýär.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen zenanlaryna bildirýän belent sarpasy we goldawy biziň her birimiziň kalbymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Ýurdumyzda enelere, gelin-gyzlara döredilýän giň mümkinçilikler, olaryň zähmetine, döredijiligine we maşgala ojagynyň berekedini gorap saklamakdaky ornuna berilýän ýokary baha üçin gepleşige gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.

 

Фотографии

Поделиться статьёй

Похожие новости

Детская поездка в музей
10 июля 2026 г. 28

Детская поездка в музей

Детская поездка в музей Воспитатели детского сада № 4 города Аркадаг, студенты-практиканты и воспитанники детского сада посетили Историко-краеведческий музей города Аркадаг. Во время визита дети познакомились с…

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.
6 июня 2026 г. 33

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики. /> Дни культуры Азербайджана пройдут в Ашхабаде и Аркадаге с 5 по 7 июня. Программа Дней культуры Азербайджана, проходящих в стране, включает в себя ряд…