Sungat mekdebiň talyplary muzeýiň baý gymmatlyklary bilen tanyşdylar

Okuw-terbiýeçilik işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň «Taryh we arheologiýa» bölüminde gezelençde boldular.
Gezelenjiň dowamynda ýaş sungat wekillerine türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý taryhy, gadymy siwilizasiýalaryň medeni mirasy we ýurdumyzyň çäginde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gymmatly tapyndylar barada giňişleýin gürrüň berildi. Muzeýiň hünärmenleri talyplary gadymy döwürlere degişli keramika önümleri, şaý-sepler, zähmet gurallary we taryhy ýadygärlikleriň nusgalary bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.
Geljekki sungat işgärleri üçin bu gezelenç uly ähmiýete eýe bolup, olaryň milli mirasymyza bolan söýgüsini artdyrmaga we döredijilik göz ýetimini giňeltmäge ýardam etdi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap alyp, muzeý işgärlerine hoşallyklaryny bildirdiler.
Фотографии
Похожие новости

Состоялась дискуссия о продвижении туркменской национальной идентичности в мире.
Состоялась дискуссия о продвижении туркменской национальной идентичности в мире

Детская поездка в музей
Детская поездка в музей Воспитатели детского сада № 4 города Аркадаг, студенты-практиканты и воспитанники детского сада посетили Историко-краеведческий музей города Аркадаг. Во время визита дети познакомились с…

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.
В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики. /> Дни культуры Азербайджана пройдут в Ашхабаде и Аркадаге с 5 по 7 июня. Программа Дней культуры Азербайджана, проходящих в стране, включает в себя ряд…

Передача «Женщины — красота жизни»
Передача «Женщины — красота жизни» /> В этнографическом отделе Музея истории и краеведения города Аркадага, организованном Аркадагским городским профсоюзом, была записана передача на тему «Женщины – красота жизни». В…
