Перейти к содержимому

Поиск

Что вы ищете?

Новости 12 августа 2024 г. 8 просмотров Administrator

“Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” atly gepleşik

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” atly gepleşik geçirildi Milli ýörelgelerimize aýratyn ähmiýet berilýän eziz Diýarymyzda zenanlara uly hormat goýulýar,…

“Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” atly gepleşik

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” atly gepleşik geçirildi

Milli ýörelgelerimize aýratyn ähmiýet berilýän eziz Diýarymyzda zenanlara uly hormat goýulýar, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi belentde tutulýar. Çünki täze taryhy eýýamymyzda hem türkmeniň belent ruhy gymmatlyklarynyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň we urp-adatlarynyň aýawly saklanylmagynda, milli ýörelgelerimiziň dowam etmeginde, edepli-ekramly nesilleriň kemala gelmeginde zenanlarymyzyň hyzmaty uludyr. Türkmen zenanlarynyň başarjaň elleriniň ajaýyp sungaty bolan keçeler biziň ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyr. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem “Zenanlar ýaşaýşyň gözelligi” atly gepleşik geçirildi.Türkmen zenanlarynyň zehin-başarnygynyň, irginsiz zähmetiniň miwesi bolan bu senetleri synlanyňda, ajaýyp bir duýgyny başdan geçirýärsiň. Çünki gözelliklerden zynatly, özüne çekiji, mähir-yhlasdan doly bolan bu senet durşuna ykbal hem sungatdyr. Türkmen zenanlary ähli döwürde-de el işlerini nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini eneden-gyza geçirip dowam etdiripdirler. Ýyllar geçdigiçe, olara täze-täze öwüşginler çaýylypdyr. Gelin-gyzlar el işlerini her döwürde-de nusgalyk derejede sünnäläpdirler. El hünärini nesilden-nesle geçirip, dowam etdiripdirler.Bu sungat asyrlar aşyp, ýyllar geçdigiçe, täze röwüşlere beslenip, has-da kämilleşdirilýär. Zenanlaryň el işlerinde olaryň çäksiz ussatlygy, irginsiz zähmeti, yhlasy görünýär. Çeper elli zenanlar nagyşlara öz halkynyň taryhyny, göwün matlabyny, arzuw-hyýallaryny siňdirip bilipdirler. Halkyň gündelik durmuşynda giňden ulanylan we ruhy dünýäsine siňen keçelerimiz häzirki wagtda-da ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşamagyny dowam etdirýär. Biziň halkymyzyň arasynda oňa hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek milli sungat hökmünde garalýar. Milli sungatymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi öwrnmekde we olara ýaş nesillere giňden wagyz etmekde uly tagallalar edýän türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, bütindünýä adamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Фотографии

Поделиться статьёй

Похожие новости

Детская поездка в музей
10 июля 2026 г. 15

Детская поездка в музей

Детская поездка в музей Воспитатели детского сада № 4 города Аркадаг, студенты-практиканты и воспитанники детского сада посетили Историко-краеведческий музей города Аркадаг. Во время визита дети познакомились с…

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.
6 июня 2026 г. 16

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики. /> Дни культуры Азербайджана пройдут в Ашхабаде и Аркадаге с 5 по 7 июня. Программа Дней культуры Азербайджана, проходящих в стране, включает в себя ряд…

Передача «Женщины — красота жизни»
23 апреля 2026 г. 13

Передача «Женщины — красота жизни»

Передача «Женщины — красота жизни» /> В этнографическом отделе Музея истории и краеведения города Аркадага, организованном Аркадагским городским профсоюзом, была записана передача на тему «Женщины – красота жизни». В…