Перейти к содержимому

Поиск

Что вы ищете?

Новости 8 июля 2026 г. 11 просмотров Administrator

MILLI MIRASYMYZDA EKERANÇYLYGYŇ GADYMY KÖKLERI

MILLI MIRASYMYZDA EKERANÇYLYGYŇ GADYMY KÖKLERI Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Arkadag telekanaly bilelikde miwe baglarynyň arasynda ýazgy edildi. Bu ýazgyda miweli baglar esasanam alma, alma…

MILLI MIRASYMYZDA EKERANÇYLYGYŇ GADYMY KÖKLERI

MILLI MIRASYMYZDA EKERANÇYLYGYŇ GADYMY KÖKLERI

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Arkadag telekanaly bilelikde miwe baglarynyň arasynda ýazgy edildi. Bu ýazgyda miweli baglar esasanam alma, alma agajy barada söhbet edildi.

Türkmen halkynyň ekerançylyk pudagy öz köküni gadymýetden alyp gaýdýar. Ekerançylyk pudagy hem birnäçe ugurlara bölünýär: däneçilik, tehniki ekinler, bakja ekinleri, miweçilik. Miweçilikde şänikli miweler, çigitli miweler görnüşinde bölünýär. Çigitli miwelere alma, armyt, beýi halk arasynda behi hem diýilýär, degişli edilýär. Şolaryň arasynda alma barada söhbet edenimizde alma agajy ýabany görnüşlerden medenileşdirilip, Aziýanyň Ýewropanyň,Demirgazyk Amerikanyň aram guşaklyklarynda giňden ýaýrandyr. Arheologlaryň gazyw agtaryş işerinde gowaklaryň diwaryndaky çekilen suratlaryň içinde almanyň suratynyň agdyk bolmagy, alma köp isleg bildirilendigini, onuň elýeterli miwe bolandygyny görkezýär. Türkmen halky almanyň birnäçe tohumyny döretmegi başarypdyr. Olara: ak bägül, al ýaňak alma, gyzyl ýaňak alma, ak, gyzyl, sary, ýaşyl alma aly tohumlary häsiýetlidir. Milli mirasymyzda miweli baglaryň orny ulydyr.Türkmen halky çagalaryna miwe bilen baglanşykly at dakan bolsalar, miweli baglaryň agaçlary dokma gurallaryny ýasamakda giňden ulanylypdyr. Miwe we bakja ekinleriniň hoşboý ysly, datly tagamly bolmagynda türkmen tebygatynyň ähmiýeti ulydyr, mes topragyň, nurly güneşiň, süýji suwyň netijesinde bal ýaly agzyňda eräp barýan datly önümler ýetişýär.

Фотографии

Поделиться статьёй

Похожие новости

Детская поездка в музей
10 июля 2026 г. 15

Детская поездка в музей

Детская поездка в музей Воспитатели детского сада № 4 города Аркадаг, студенты-практиканты и воспитанники детского сада посетили Историко-краеведческий музей города Аркадаг. Во время визита дети познакомились с…

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.
6 июня 2026 г. 16

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики. /> Дни культуры Азербайджана пройдут в Ашхабаде и Аркадаге с 5 по 7 июня. Программа Дней культуры Азербайджана, проходящих в стране, включает в себя ряд…

Передача «Женщины — красота жизни»
23 апреля 2026 г. 14

Передача «Женщины — красота жизни»

Передача «Женщины — красота жизни» /> В этнографическом отделе Музея истории и краеведения города Аркадага, организованном Аркадагским городским профсоюзом, была записана передача на тему «Женщины – красота жизни». В…