Перейти к содержимому

Поиск

Что вы ищете?

События 20 июня 2024 г. 13 просмотров Administrator

«Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde « Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi gurnaldy.    «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň…

«Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi gurnaldy.

   «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet  güni mynasybetli, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly maslahat we sergi gurnaldy.Ýurdumyzyň medeniýetini, taryhyny dünýä ýaýmakda köp işler alnyp barylýar. Milli medeniýetimiziň ösmegi üçin giň şertler döredilen zamanada, dünýä derejesine laýyk gelýän muzeý binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, türkmen halkynyň taryhy tapyndylaryny ylmy taýdan öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, ýaş nesillerimizi ata-balarymyzyň gymmatly ruhy medeni-mirasyna hormat goýmak, ruhunda terbiýelemek muzeý işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýar.Gözbaşyny gadymy müňýyllyklardan alyp gaýdýan Jeýtun, Altyndepe, Goňurdepe, Nusaý, Merw, Köneürgenç medeniýetleri boýnunda dür hazynany saklap oturan ruhy çeşmedir. Taryha çuňňur göz ýetirmek şu günüň ruhy dünýäsini açyp görmekdir.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet  güni  beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilmegi halkymyzda buýsanç duýgusyny döretdi.  Magtymguly Pyragy geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiligi, türkmene mahsus beýik ynsan häsiýetlerini jemleýän şygyrlary  halkyň kalbynda ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň  şygyryýet ussatlygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilýän dabaralar ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandy.

 Sergide milliligimiziň nusgasy bolan, haly önümleri, el işleri, şaý-sepler, zähmet gurallary, dokma gurallary, keramika önümleri, taryhy gymmatlyklardan tapyndylar, kitaplar, etnografiýa zalyndaky milli gymmatlyklar, türkmen durmuşyndan söz açýan nakgaş eserleri,  Magtymguly Pyragynyň heýkeli, keramika önümler şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilýär.

Milli mirasymyza  giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Фотографии

Поделиться статьёй

Похожие новости

По случаю Дня памяти организована экскурсия в музей.
5 октября 2026 г. 53

По случаю Дня памяти организована экскурсия в музей.

По случаю Дня памяти организована экскурсия в музей. В честь Дня памяти для учителей и учащихся 1-го специализированного учебно-воспитательного комплекса была организована экскурсия в Историко-краеведческий музей города…

Выступления музыкального коллектива 5-й детской школы искусств Бюзмейинскогоэтрапа города Ашхабад под названием «Мелодии моего детского сердца» в Историко-краеведческом музее города Аркадаг.
25 сентября 2026 г. 50

Выступления музыкального коллектива 5-й детской школы искусств Бюзмейинскогоэтрапа города Ашхабад под названием «Мелодии моего детского сердца» в Историко-краеведческом музее города Аркадаг.

Выступления музыкального коллектива 5-й детской школы искусств Бюзмейинскогоэтрапа города Ашхабад под названием «Мелодии моего детского сердца» в Историко-краеведческом музее города Аркадаг. В Историко-краеведческом…

Специалисты из Туркменистана принимают участие в международном семинаре ЮНЕСКО в Алматы
8 сентября 2026 г. 36

Специалисты из Туркменистана принимают участие в международном семинаре ЮНЕСКО в Алматы

Специалисты из Туркменистана принимают участие в международном семинаре ЮНЕСКО в Алматы Региональный офис ЮНЕСКО в Алматы совместно с Международным учебным центром по нематериальному культурному наследию в…

Беседа за «круглым столом» под названием «Национальное наследие — основа воспитания», организованная в Историко-краеведческом музее города Аркадаг с целью широкой пропаганды среди молодёжи сути и значения торжественного девиза 2026 года «Независимый нейтр
14 июля 2026 г. 33

Беседа за «круглым столом» под названием «Национальное наследие — основа воспитания», организованная в Историко-краеведческом музее города Аркадаг с целью широкой пропаганды среди молодёжи сути и значения торжественного девиза 2026 года «Независимый нейтр

Беседа за «круглым столом» под названием «Национальное наследие — основа воспитания», организованная в Историко-краеведческом музее города Аркадаг с целью широкой пропаганды среди молодёжи сути и значения торжественного…