Перейти к содержимому

Поиск

Что вы ищете?

Новости 12 ноября 2024 г. 10 просмотров Administrator

Hasyl toýy – berekediň baýramy

Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary aýdym-saz bilen çykyş etdiler. Ýurt Garaşsyzlygy bilen däp-dessuryna, milli mirasyna eýe bolan agzybir halkymyz her ýylyň noýabr aýynyň ikinji…

Hasyl toýy – berekediň baýramy

Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary aýdym-saz bilen çykyş etdiler.

Ýurt Garaşsyzlygy bilen däp-dessuryna, milli mirasyna eýe bolan agzybir halkymyz her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde döwlet derejesinde Hasyl toýuny belläp geçýär. Şol dabara mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Hasyl toýy – berekediň baýramy» aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabarada türkmen topragynyň berekedi dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary aýdym-saz bilen çykyş etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özgertmeleriň we gülläp ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gadymy ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde häzirki wagtda Türkmenistanda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu pudakda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Фотографии

Поделиться статьёй

Похожие новости

Детская поездка в музей
10 июля 2026 г. 19

Детская поездка в музей

Детская поездка в музей Воспитатели детского сада № 4 города Аркадаг, студенты-практиканты и воспитанники детского сада посетили Историко-краеведческий музей города Аркадаг. Во время визита дети познакомились с…

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.
6 июня 2026 г. 22

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики. /> Дни культуры Азербайджана пройдут в Ашхабаде и Аркадаге с 5 по 7 июня. Программа Дней культуры Азербайджана, проходящих в стране, включает в себя ряд…

Передача «Женщины — красота жизни»
23 апреля 2026 г. 18

Передача «Женщины — красота жизни»

Передача «Женщины — красота жизни» /> В этнографическом отделе Музея истории и краеведения города Аркадага, организованном Аркадагским городским профсоюзом, была записана передача на тему «Женщины – красота жизни». В…