«ALTYN DAMJA» DYNÇ ALYŞ MERKEZI – ŞADYÝAN ÇAGALYGYŇ AJAÝYP MEKANY
«ALTYN DAMJA» DYNÇ ALYŞ MERKEZI – ŞADYÝAN ÇAGALYGYŇ AJAÝYP MEKANY Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesinde ýerleşýär dynç alyş merkezlerinde çagalar üçin lager dynç alyşlary dowam edýär. Şolaryň hatarynda…

«ALTYN DAMJA» DYNÇ ALYŞ MERKEZI – ŞADYÝAN ÇAGALYGYŇ AJAÝYP MEKANY
Tomusky dynç alyş möwsüminde Gökdere jülgesinde ýerleşýär dynç alyş merkezlerinde çagalar üçin lager dynç alyşlary dowam edýär.
Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary «Altyn damja» dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýärler.Gökdere jülgesinde, tebigatyň goýnunda ýerleşýän «Altyn damja» dynç alyş merkezi tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin ajaýyp hem-de ýatdan çykmajak pursatlary sowgat edýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary bu ýerde wagtlaryny diňe bir şadyýan geçirmän, eýsem täze dostlar edinip, wagtlaryny örän peýdaly we gyzykly geçirýärler.
Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Gökderede ýerleşýän «Altyn damja» dynç alyş merkezinde göçme sergi gurnady. Sergide çagalaryň çeken surat eserleri, guşlaryň gäpleri heýkeller, türkmen amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi. Sergini görmäge merkezde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçi mugallymlary gatnaşdylar. Sergide görkezilen dürli haýwanlaryň we guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň görnüşlerini hem-de dag-jülgeler, derýalar we çöller barada maglumatlar çagalar üçin täsirli boldy. Muzeý hünärmenleri muzeý gymmatlyklary, tebigaty söýmegi, ony goramagy, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmek barada ýönekeý we düşnükli maglumatlary berdiler. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we türkmen şekillendiriş we amaly haşam sungatyny öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar. Esasanam haýwanlaryň gäpleri we heýkelleri çagalarda gyzyklanma döretdi. Sergini synlan çagalar muzeýiň hünärmenlerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.
Muzeý gymmatlyklary çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrdy hem-de milli mirasa, gözel tebigatymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürdi. Gezelenç çagalarda ýakymly täsirler galdyrdy.
Фотографии
Похожие новости

Состоялась дискуссия о продвижении туркменской национальной идентичности в мире.
Состоялась дискуссия о продвижении туркменской национальной идентичности в мире

Детская поездка в музей
Детская поездка в музей Воспитатели детского сада № 4 города Аркадаг, студенты-практиканты и воспитанники детского сада посетили Историко-краеведческий музей города Аркадаг. Во время визита дети познакомились с…

В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики.
В Аркадаге прошли Дни культуры Азербайджанской Республики. /> Дни культуры Азербайджана пройдут в Ашхабаде и Аркадаге с 5 по 7 июня. Программа Дней культуры Азербайджана, проходящих в стране, включает в себя ряд…

Передача «Женщины — красота жизни»
Передача «Женщины — красота жизни» /> В этнографическом отделе Музея истории и краеведения города Аркадага, организованном Аркадагским городским профсоюзом, была записана передача на тему «Женщины – красота жизни». В…
