«Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly ylmy-usuly maslahat we muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan sergi
Maslahatda muzeýiň hünärmenleri hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary ylmy makalalar bilen çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde…

Maslahatda muzeýiň hünärmenleri hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary ylmy makalalar bilen çykyş etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan itşynaslygyň şöhratly milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy ýurdumyzyň milli senenamasynda orun alan iň täze baýramdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly ylmy-usuly maslahat we muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Maslahatda muzeýiň hünärmenleri hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary ylmy makalalar bilen çykyş etdiler. Maslahatyň çäklerinde muzeý gaznasyndan sergi gurnaldy. Sergide milliligimiziň nusgasy bolan, el halylarymyz, türkmen alabaýynyň şekili çekilen nakgaş eserleri, türkmen alabaýynyň heýkelleri, taryhy tapyndylaryň ýüzünde galan itiň aýak yzlary, küýzeler we şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşýarlar.
Photos
Related news

An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day.
An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day. On the occasion of Memorial Day, an excursion to the History and Local Lore Museum of Arkadag City was organized with the participation of…

Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City.
Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City. A…

Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness"
Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness" /> Every year on June 5, our country celebrates World Environment Day by holding large-scale scientific and practical…

In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened
In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened /> In honor of the year "Independent neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged…
