Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly dikeldiş işlerini gurnamak
Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşýar. Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna…

Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşýar.
Türkmenistan halkymyzyň gadymy taryhynyň we örän baý medeniýetiniň bolandygyna şaýatlyk edýän bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynalara we gymmatlyklara eýedir. Milletimiziň özboluşly mirasy aýawly saklanyp, nesilden-nesle geçirilip gelinýän gymmatly ruhy hazynadyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän oňyn döwlet syýasaty netijesinde taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, milli mirasymyzy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan çapa taýýarlanan Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň obýektleriniň Döwlet reýestri ýurdumyzda kitap görnüşinde neşir edildi. Bu sanaw taryhy-medeni goraghanalaryň, ýerli dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri hem-de işgärleri üçin gollanma bolup hyzmat etýär we şol kitapdan ugur alyp Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly dikeldiş işlerini gurnamak» atly okuw maslahaty geçirilýär. Maslahata muzeý işgärleriniň muzeý esbaplaryny dikeldiş we rejeleýiş işlerini geçirmek boýunça öz iş tejribelerinde ýerine ýetiriş usullaryny ulanyş düzgünleri ýaýbaňlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri şeýlehem Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler, we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary gatnaşýar.
Photos
Related news

Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty
Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty The UNESCO Regional Office in Almaty, in cooperation with the International Training Centre for Intangible Cultural Heritage in the Asia-Pacific…

A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world.
A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world


Children's trip to the museum
Children's trip to the museum Teachers of kindergarten No. 4 of Arkadag city, students undergoing internships, and children brought up in the kindergarden came to visit the Local history museum of Arkadag city. During…
