Skip to content

Search

What are you looking for?

News 23 November 2026 12 views Yazgul

Sungat mekdebiň talyplary muzeýiň baý gymmatlyklary bilen tanyşdylar

Sungat mekdebiň talyplary muzeýiň baý gymmatlyklary bilen tanyşdylar

Okuw-terbiýeçilik işleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň  «Taryh we arheologiýa» bölüminde gezelençde boldular.

Gezelenjiň dowamynda ýaş sungat wekillerine türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan baý taryhy, gadymy siwilizasiýalaryň medeni mirasy we ýurdumyzyň çäginde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gymmatly tapyndylar barada giňişleýin gürrüň berildi. Muzeýiň hünärmenleri talyplary gadymy döwürlere degişli keramika önümleri, şaý-sepler, zähmet gurallary we taryhy ýadygärlikleriň nusgalary bilen ýakyndan tanyşdyrdylar.

Geljekki sungat işgärleri üçin bu gezelenç uly ähmiýete eýe bolup, olaryň milli mirasymyza bolan söýgüsini artdyrmaga we döredijilik göz ýetimini giňeltmäge ýardam etdi. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap alyp, muzeý işgärlerine hoşallyklaryny bildirdiler.

Photos

Share this article

Related news

Children's trip to the museum
10 July 2026 47

Children's trip to the museum

Children's trip to the museum Teachers of kindergarten No. 4 of Arkadag city, students undergoing internships, and children brought up in the kindergarden came to visit the Local history museum of Arkadag city. During…

Sungat mekdebiň talyplary muzeýiň baý gymmatlyklary bilen tanyşdylar · Arkadag City Museum of History and Local Lore · Arkadag Museum