«Milli mirasy gorap saklamagyň we muzeý işini kämilleşdirmegiň täze tapgyry» atly ylmy-amaly maslahat

Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhy, baý medeni mirasy we gaýtalanmajak ruhy gymmatlyklary umumadamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, dikeltmek we geljek nesillere abat ýetirmek döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Şu nukdaýnazardan, Türkmen döwlet medeniýet institutynda Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda «Milli mirasy gorap saklamagyň we muzeý işini kämilleşdirmegiň täze tapgyry» atly ylmy-amaly maslahat hünär taýýarlygyny berkitmekde we nazary bilimleri tejribe bilen utgaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde muzeýler diňe bir taryhy gymmatlyklaryň saklanýan ýeri bolman, eýsem ylmy-barlag, medeni-aň-bilim we watançylyk terbiýesiniň möhüm merkezlerine öwrüldi. Taryhyň çuňluklaryndan gözbaş alýan arheologik tapyndylar, etnografik gymmatlyklar, halk amaly-haşam sungatynyň nusgalary — bularyň ählisi halkymyzyň baý taryhynyň janly şaýatlarydyr. Olary gorap saklamak we dünýä ýaýmak bolsa muzeý işgärleriniň, alymlaryň hem-de şu ugurdan bilim alýan ýaş hünärmenleriň mukaddes borjudyr.
Ylmy-amaly maslahata Medeniýet institutynyň muzeý ugrundan okaýan talyplary, «Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi» kafedrasynyň professor-mugallymlary, şeýle hem muzeý işgärleri we hünärmenleri gatnaşdylar. Maslahatyň esasy maksatlary Taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, arheologik ýadygärlikleri, taryhy gymmatlyklary we halk amaly-haşam sungatynyň nusgalaryny ylmy esasda gorap saklamagyň we dikeltmegiň döwrebap usullaryny ara alyp maslahatlaşmak. Muzeý işini sanlylaşdyrmak we kämilleşdirmek, muzeý gaznalarynyň hasabyny ýöretmekde, muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamakda we sergileri gurnamakda sanly tehnologiýalary, multimediýa serişdelerini hem-de interaktiw usullary ornaşdyrmagyň ýollaryny kesgitlemek. Ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, muzeýleriň taryhy-medeni aň-bilim merkezleri hökmündäki ornuny ýokarlandyrmak, ýaşlaryň milli gymmatlyklara bolan hormatyny we gyzyklanmasyny artdyrmakdan ybaratdyr.
Maslahatda milli taryhy-medeni gymmatlyklary ýüze çykarmagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň hukuk hem-de ylmy esaslary, muzeý işinde innowasion tehnologiýalar, sanly arhiwler, wirtual gezelençler we interaktiw ekspozisiýalar, Muzeý gymmatlyklaryň rejelenişi (restawrasiýasy) we konserwasiýasy, häzirki zaman usullary we standartlary, muzeý pedogogikasy we medeni syýahatçylygy ösdürmekde muzeýleriň orny barada çykyşlar edildi.
Muzeý işini kämilleşdirmegiň täze tapgyry sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bilen berk baglanyşyklydyr. Häzirki zaman muzeý ekspozisiýalarynda 3D modelirleme we wirtual gezelençler muzeýi görmäge gelýänlere, şol sanda ýaşlara taryhy döwürleri has aýdyň göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär. Ekspozisiýalda Interaktiw witrinler we multimediýa serişdelerini ulanmak eksponatlaryň taryhy barada giňişleýin maglumatlary birnäçe dilde hödürlemäge, kartalary we rekonstruksiýalary görkezmäge şert döredýär. Sanly arhiwleri döretmek bolsa seýrek duş gelýän golýazmalaryň, arheologik tapyndylaryň we sungat eserleriniň sanly nusgalaryny döretmek olaryň hem elýeterliligini artdyrýar, hem-de ätiýaçlyk gaznasyny emele getirýär.
Medeniýet institutynda muzeý işi we ýadygärlikleri goramak ugrundan bilim alýan talyplar üçin şunuň ýaly ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Okuw sapaklarynda öwrenilýän «Muzeý gaznasy we gazna işi», «Muzeý pedagogikasy» ýaly dersler muzeýleriň iş tejribesi bilen baglanyşdyrylanda, ýaş hünärmenleriň hünär ussatlygy has-da kämilleşýär. Talyplaryň ylmy-gözleg işlerine gatnaşmagy, sergi taslamalaryny işläp düzmekleri geljekde ýurdumyzyň muzeý ulgamyny täze taslamalar bilen baýlaşdyrjak kämil hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam berýär.
Milli mirasy gorap saklamak we muzeý işini döwrebaplaşdyrmak - bu diňe bir geçmişe hormat däl, eýsem geljege goýulýan berk binýatdyr. Maslahatda öňe sürülen ylmy pikirler, teklipler we tejribeler muzeý işini has-da kämilleşdirmäge mynasyp goşant goşar.
Photos
Related news

Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty
Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty The UNESCO Regional Office in Almaty, in cooperation with the International Training Centre for Intangible Cultural Heritage in the Asia-Pacific…

A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world.
A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world


Children's trip to the museum
Children's trip to the museum Teachers of kindergarten No. 4 of Arkadag city, students undergoing internships, and children brought up in the kindergarden came to visit the Local history museum of Arkadag city. During…
