“Milli bahar baýramy- köňülleriň aýdymy” atly maslahat
“Milli bahar baýramy- köňülleriň aýdymy” atly maslahat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan ezizi diýarymyz, gün-günden ösýär, özgerýär, dünýä derjesinde öňe barýar.…

“Milli bahar baýramy- köňülleriň aýdymy” atly maslahat
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan ezizi diýarymyz, gün-günden ösýär, özgerýär, dünýä derjesinde öňe barýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara şanly senelere beslenýär. 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany”ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, her ýylyň 21, 22-nji martynda türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylyp, Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge hem goşant goşýar. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Milli bahar baýramy- köňülleriň aýdymy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetinde zähmet çekýän hünärmenler we Aşgabat şäherindaki baýry ýokary okuw jaýlary bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwesitetiniň, Türkmen döwlet Maliýe institutynda zähmet çekýän mugallymlar we bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar. Olar maslahatyň dowamynda yzygiderli çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydygyny,baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýändigini belläp geçdiler. Maslahatyň soňunda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
Photos
Related news

An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day.
An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day. On the occasion of Memorial Day, an excursion to the History and Local Lore Museum of Arkadag City was organized with the participation of…

Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City.
Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City. A…

Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness"
Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness" /> Every year on June 5, our country celebrates World Environment Day by holding large-scale scientific and practical…

In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened
In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened /> In honor of the year "Independent neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged…
