KÖRPELERIŇ MUZEÝE GEZELENJI
KÖRPELERIŇ MUZEÝE GEZELENJI Arkadag şäheriniň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri, tejribe geçýän talyplar, bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje…

KÖRPELERIŇ MUZEÝE GEZELENJI
Arkadag şäheriniň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri, tejribe geçýän talyplar, bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Gezelençde çagalar milli miras, taryh,medeni we tebigy gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Muzeýde çagalar gadymy durmuş esbaplaryny, milli lybaslary, sungat eserlerini we taryhy tebigy gymmatlyklara uly gyzyklanma bilen synladylar. Bu ýerde dürli haýwanlaryň we guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň görnüşlerini hem-de dag-jülgeler, derýalar we çöller barada maglumatlar çagalar üçin täsirli boldy. Muzeý hünärmenleri olara muzeý gymmatlyklary, tebigaty söýmegi, ony goramagy, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmek barada ýönekeý we düşnükli maglumatlary berdiler. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we täze zatlary öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar.
Bu gezelenç çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrdy hem-de milli mirasa, gözel tebigatymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürdi. Gezelenç çagalarda ýakymly täsirler galdyrdy.
Photos
Related news

Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty
Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty The UNESCO Regional Office in Almaty, in cooperation with the International Training Centre for Intangible Cultural Heritage in the Asia-Pacific…

A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world.
A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world


Children's trip to the museum
Children's trip to the museum Teachers of kindergarten No. 4 of Arkadag city, students undergoing internships, and children brought up in the kindergarden came to visit the Local history museum of Arkadag city. During…
