“Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly” atly maslahat
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” atly maslahat geçirildi. Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly,…

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” atly maslahat geçirildi.
Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy, 2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Arkadag şäherinde zähmet çekýän birnäçe hünärmenler gatnaşdylar. Şeýle hem maslahatyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlary boldy. Maslahatyň çäklerinde muzeý gaznasyndan amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserlerinden, heýkellerden, sowgatlyklardan ajaýyp sergi gurnaldy.
Photos
Related news

An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day.
An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day. On the occasion of Memorial Day, an excursion to the History and Local Lore Museum of Arkadag City was organized with the participation of…

Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City.
Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City. A…

Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness"
Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness" /> Every year on June 5, our country celebrates World Environment Day by holding large-scale scientific and practical…

In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened
In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened /> In honor of the year "Independent neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged…
