“Gahrymanlar unudylmaýar” atly sergi
“Gahrymanlar unudylmaýar” atly sergi Hakyda milletiň durmuşynyň aýrylmaz ruhy çeşmesidir. Ol nesilleri birleşdirýän, göze görünmeýän, mäkäm baglanyşykdyr we diňe bir däp-dessurlary aýawly saklamaga däl-de, eýsem, taryhy…

“Gahrymanlar unudylmaýar” atly sergi
Hakyda milletiň durmuşynyň aýrylmaz ruhy çeşmesidir. Ol nesilleri birleşdirýän, göze görünmeýän, mäkäm baglanyşykdyr we diňe bir däp-dessurlary aýawly saklamaga däl-de, eýsem, taryhy tejribäniň binýadynda täze durmuşy gurmaga, gelejegi döretmäge mümkinçilik berýär. Öz şirin jany bilen Watanyň azatlygyny goran gahrymanlara, öz ruhy mukaddesliklerine hormat-sarpa goýmak, milli mirasy, halkymyzyň şöhratly taryhynyň aýdyň subutnamalary bolan taryhy künjekleri aýawly gorap saklamak asylly ýörelgedir.
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni hem bellenilýär. Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu gün türkmenistanlylar Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň öňünde baş egýärler, häzirki wagtda ýaşap ýören weteranlara hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna çuňňur hormat-sarpa goýýarlar, urşuň yzynda galan eneler hakyky hormat-sylag, alada bilen gurşalandyr.
Ýaşlarymyza görelde almaga ajaýyp nusgalar bardyr—Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda göreşen edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly işleri halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Gahrymanlar unudylmaýar” atly sergi gurnaldy. Bu sergä Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, il-ýaşulylary we kümüş saçly eneler hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň we başga-da Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler bu serginiň hormatly myhmanlary boldular. Sergide uruş-döwrüni suratlandyrýan we gaýduwsyz söweşen gahrymanlarymyzy görkezýän surat eserleri, ene-mamalarymyzyň gadymy çyrpylarydyr, zergärçilik sungatyna degişli gadymy şaý-sepleri we ýigitlerimiziň uruş esbaplary we birnäçe muzeý gymmatlyklary sergilenen.
Ak ertirlere alyp barýan, asuda we parahat ýurtda ýaşamana, halal zähmet çekmäne uly mümkiçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe üstünliklere, rowaçlyklara beslensin!
Photos
Related news

An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day.
An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day. On the occasion of Memorial Day, an excursion to the History and Local Lore Museum of Arkadag City was organized with the participation of…

Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City.
Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City. A…

Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness"
Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness" /> Every year on June 5, our country celebrates World Environment Day by holding large-scale scientific and practical…

In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened
In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened /> In honor of the year "Independent neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged…
