Ene – ulus-iliň enesi, çäksiz hormatyň eýesi
Hüwdüler - halk döredijiliginiň in bir giň ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriň biridir. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň…

Hüwdüler - halk döredijiliginiň in bir giň ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriň biridir.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Arkadag şäher bölümi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde «Ene – ulus-iliň enesi, çäksiz hormatyň eýesi» ady bilen maşgala mukaddesliginde zenanlaryň orny, nesil terbiýesinde ene hüwdisiniň ähmiýeti şeýle hem türkmen halkyna mahsus bolan ýörelgeleri wagyz etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Hüwdüler eneleriň aýdymydyr. Bu aýdymdan gulagy ganan çagalar bagtlydyrlar. Halk döredijiliginiň iň naýbaşy görnüşlerinden biri hüwdülerdir. Hüwdüler - halk döredijiliginiň in bir giň ýaýran we her bir türkmen adamsyna gönüden-göni dahylly şahyrana görnüşleriň biridir. Çünki her bir türkmen çagasynyň azandan soň, ilkinji eşidýän zady hüwdüdir. Hüwdüler has kiçi ýaşdaky çagalary uklatmak üçin, esasan, sallançak ýanynda eneler tarapyndan aýdylýan aýdymlardyr. Hüwdülerde çaganyň ene-atasynyň, dogan-garyndaşlarynyň oňa bolan gyzgyn mährini, söýgüsini, isleg-arzuwlaryny görmek bolýar. Halkymyz ýaş nesli edepli, tertipli, zähmetsöýer, ar-namysly, watansöýüji, halal, görüm-göreldeli edip yetişdirmek üçin alada baryny edýär. Asyrma-asyr gelýän şeýle asylly meseläni amala aşyrmakda edebiýatdyr folklor, şol sanda hüwdüler hem mynasyp orun tutýar. Gelin-gyzlaryň şahyrana döredijiliginiň bu görnüşi aýal-gyzlaryň çaga bolan çäksiz söýgülerini özünde jemlemek bilen birlikde, olaryň arzuw-höweslerini-de çeper beýan edýär. Şonuň üçin hem hüwdülere köptaraply, töwerekleýin garamalydyrys. Türkmen zenanlarynyň maşgala wepalydyklary, örän salyhatly-işeňňirligi, mähirli-wepalylygy babatda XIX asyryň ortalarynda Wengriýadan Türkmenistana we başga ýurtlara gizlin syýahata gelen meşhur professor German (Armeniý) Wamberi özüniň 1868-nji ýylda Moskwada rus dilinde çykarylan «Orta Aziýanyň oçerki» atly kitabynda şeyle diýýär: «Türkmen aýallary ýaly göreldeli, yagşylyk söýen, şolar ýaly maşgala eşreti üçin janlaryndan geçýän we armazak aýallary men Gündogaryň hiç ýerinde görmedim.» Ata-eneler özleriniň bütin umyt-arzuwlaryny ýaş ösdürimlere baglaýarlar, çünki perzent maşgalanyň eşreti, ynsanyň geljegi, onuň arkadaýanjy hem-de dowamatydyr. Duşuşygyň dowamynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäheriniň ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary dutarda türkmen halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Photos
Related news

Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty
Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty The UNESCO Regional Office in Almaty, in cooperation with the International Training Centre for Intangible Cultural Heritage in the Asia-Pacific…

A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world.
A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world


Children's trip to the museum
Children's trip to the museum Teachers of kindergarten No. 4 of Arkadag city, students undergoing internships, and children brought up in the kindergarden came to visit the Local history museum of Arkadag city. During…
