Skip to content

Search

What are you looking for?

5 November 2026 27 views Yazgul

Ene topragyň berekedi amaly-haşam sungatynyň nusgalarynda şöhlelendi

Ene topragyň berekedi amaly-haşam sungatynyň nusgalarynda şöhlelendi

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli «Berekede beslenen türkmen topragy» atly serge geçirildi. Ene topragymyzyň egsilmez sahawatyny ekerançylarymyzyň, gallaçylarymyzyň, pagtaçylarymyzyň halal zähmetini dabaralandyrýan bu täsirli çärä S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talypýaşlary hem uly buýsanç bilen gatnaşdylar.

Hasyl baýramy türkmen halkynyň topraga bolan mukaddes sarpasyny, ekerançylyk medeniýetiniň gadymy däplerini we şu günki gazanylýan ýokary sepgitlerini dabaralandyrýan baýramlaryň biridir. Muzeýde guralanbusergi hem ýurduň iň esasy baýramlarynyň birine ajaýyp sowgat boldy. Myhmalar, aýratyn hem oba hojalyk ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin serge diňe bir medeni care bolman, eýsem türkmen topragynyň berekedini we halkymyzyň döredijilik dünýäsini has-da çuňňur öwrenmäge niýetlenen täsirli sapaga öwrüldi.

Photos

Share this article

Related news