Edep- gözelligiň gönezligi
«Edep- gözelligiň gönezligi» Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň ýaşlaryna ynsanperwerlik, ruhubelentlik,…

«Edep- gözelligiň gönezligi»
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň ýaşlaryna ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly gowy gylyk-häsiýetler mahsus bolmalydyr.
Ýaş nesillerde ýokary ahlaklylygy terbiýelemek esasy zerurlykdyr.Bu babatda pederlerimiziň asylly ýörelgelerine salgylanmak gerekdir. Belent ynsanperwerlik, ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda geljekki nesiller üçin nusgalyk, sagdyn düşünjeler emele gelýär. Türkmen halky mydama çaga terbiýesine uly üns beripdir. Olar çagalarynyň belent ahlakly, ynsanperwer, Watanyny, halkyny, zähmeti söýýän, ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli, iline gerekli adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanypdyrlar. Netijede Oguz han, Çagry beg, Togrul beg, Gorkut ata, Seljuk han, Görogly beg, Keýmir kör, Alp Arslan, Magtymguly ýaly ençeme parasatly, dana, merdana şahslar kemala gelipdir.
Adamyň ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zat hem tebigatdyr. Diýmek, ynsanyň ýaşaýşy, hereketi tebigata bagly. Tebigat biziň saglygymyzy goramakda serişde çeşmesidir. Biz öz saglygymyza nähili aýawly garaýan bolsak, tebigata hem şeýle derejede aýawly çemeleşmelidiris. Şeýlelikde, her bir çaganyň ilhalar adam bolup kemala gelmeginde gözel tebigatiň hem ähmiýeti örän uludyr. Terbiýeçiniň, ene-atanyň, mugallymyň, jemgyýetçilik işgäriniň ýagşy edep-göreldesi we ýaşlardan talap edýän dogry zatlary kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde uly orun eýeleýär.
Photos
Related news

Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty
Turkmen Experts Participate in the International UNESCO Workshop in Almaty The UNESCO Regional Office in Almaty, in cooperation with the International Training Centre for Intangible Cultural Heritage in the Asia-Pacific…

A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world.
A discussion was held on promoting our Turkmen national identity to the world


Children's trip to the museum
Children's trip to the museum Teachers of kindergarten No. 4 of Arkadag city, students undergoing internships, and children brought up in the kindergarden came to visit the Local history museum of Arkadag city. During…
