Skip to content

Search

What are you looking for?

News 3 November 2026 30 views Yazgul

«Bagym bar – barym bar»

«Bagym bar – barym bar»

Şeýle şygar bilen Arkadag şäheriniňTaryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiMilli Liderimiziň Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işler we bu ýerde güýzki bag ekmek möwsümine taýýarlygyň guramaçylyk derejesi bilen tanyşmak üçin Arkadag şäherine iş saparynyň ähmiýetini wagyz etmek hem-de ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmek maksady bilen «Bagym bar – barym bar» atly brifing duşuşygynygeçirdi. 

Duşuşykda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bölüm müdiriMekan Ataýew,Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm müdiriAmangül Arabaliýewa,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeniSerdar Sazakow,Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymyOgulşeker Çaryýewa,Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň Arkadag şäheriniň salgyt müdirliginiň Hasap we hasabat bölüminiň salgyt inspektoryBatyr Baýramow,Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkeziniň şepagat uýasyŞirin Tejenowa çykyş etdiler.Duşuşygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bölüm müdiri Umida Kakaýewa alyp bardy.

Photos

Share this article

Related news

Children's trip to the museum
10 July 2026 29

Children's trip to the museum

Children's trip to the museum Teachers of kindergarten No. 4 of Arkadag city, students undergoing internships, and children brought up in the kindergarden came to visit the Local history museum of Arkadag city. During…