«Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» atly sergi
2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere beslenýär. 1-nji iýun – Çagalary goramagyň Halkara gününiň dabarasyny uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçiler. 2024-nji ýyly…

2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere beslenýär. 1-nji iýun – Çagalary goramagyň Halkara gününiň dabarasyny uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçiler.
2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly senelere beslenýär. 1-nji iýun – Çagalary goramagyň Halkara gününiň dabarasyny uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçiler. Bu baýram mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» atly sergi gurnaldy. Bagtyýar durmuşyň röwşen geljegi bolan gülmeňiz balajyklaryň sagdyn we ruhubelent ösmegi ugrunda ata Watanymyzda uly işler alnyp barylýar.Türkmen halkymyz şan-şöhratly taryhynyň dowamynda özüniň milli gymmatlyklaryna, ynsanperwer ýol-ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň Watana wepalylyk, halallyk, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegine, ylymly-bilimli, giň gözýetimli ýaşlar kemala gelmeginde uly işler alnyp barylýar. Ertirki günümiziň daýanjy bolup, ýurdumyzy belentliklere alyp gitjek ýaşlara uly üns berilýär. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, ýaş nesilleriň döwrebap terbiýe almagy üçin uly tagallalar edilýän döwürde ähli amatlyklary bolan bilim ojaklary, çagalaryň sagdyn ösmegi üçin niýetlenen sport toplumlary, saglyklaryny goramak maksady bilen gurulýan saglyk öýleriň sany sanardan kändir.
Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan, çaga durmuşyndan söz açýan şekilleriň nakgaş eserleri, Çagalaryň öz elleri bilen çekilen suratlar, taryhy ýadygärliklerden tapyllan çaga oýnawaçlary, aşyklar, küýze, türkmen alabaýynyň şekili, güljagazyň ekilen görnüşleri, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan milli gymmatlyklar görkezilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillere döwrebap terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Photos
Related news

An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day.
An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day. On the occasion of Memorial Day, an excursion to the History and Local Lore Museum of Arkadag City was organized with the participation of…

Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City.
Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City. A…

Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness"
Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness" /> Every year on June 5, our country celebrates World Environment Day by holding large-scale scientific and practical…

In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened
In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened /> In honor of the year "Independent neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged…
