«Arkadag şäheri – täze eýýamyň beýik eseri» atly sergi we aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly toý-baýramlara beslenýär. Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli…

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni şanly toý-baýramlara beslenýär.
Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän dabaralar Arkadag şäherinde bir-biri bilen sepleşýär.
Ynha sanlyja wagtyň içinde Arkadag şäherimiziň görki gün-günden gözelleşýär. Magtymguly Pyragynyň nusgalyk döredijiliginde beýan edilýän ahlak häsiýetleri ýaşlara wagyz etmek, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek maksady bilen hem dabaralar baýramçylyk gününe şatlyk-şowhuna beslenýär.
Arkadag şäheriniň häkimligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Arkadag şäheri – täze eýýamyň beýik eseri» atly sergi we aýdym-sazly baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Duşuşyga Arkadagymyzyň gurup beren gurjak ýaly şäherinde uly hyjuw, joşgun bilen zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşyp, özleriniň bagtyýar ýaşlardygyny birin-birin beýan etdiler. Täze şäherden täze jaýly, täze iş orunly bolmak bagtynyň miýesser edendiklerine buýsanyp çykyş etdiler. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň işjeň agzalarynyň çykyşlarynyň yzy Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlar bilen dowam etdi.
Şeýle görkana şäheri, täze eýýamynyň beýik eserini bagyş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde üstünliklere hemra bolsun.
Photos
Related news

An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day.
An excursion to the museum was organized on the occasion of Memorial Day. On the occasion of Memorial Day, an excursion to the History and Local Lore Museum of Arkadag City was organized with the participation of…

Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City.
Musical and vocal performances titled "Melodies of My Child’s Heart" by the musical group of the 5th Children's Art School of the Buzmeyinetrap of Ashgabat City at the History and Local Lore Museum of Arkadag City. A…

Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness"
Conference dedicated to World Environment Day: "Environmental Well-being is Humanity’s Happiness" /> Every year on June 5, our country celebrates World Environment Day by holding large-scale scientific and practical…

In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened
In honor of International Children's Day, an exhibition entitled "Turkmenistan - a place of happy children" was opened /> In honor of the year "Independent neutral Turkmenistan – the homeland of purposeful winged…
